Häzirki wagtda klimatyň üýtgemegi bütin dünýäniň umumy meselesi. Howanyň özgermegine, esasan, howany hapalaýan energiýa serişdeleriniň ulanylmagy sebäp bolýar. Bu meseläniň öňüni almakda arassa energiýa çeşmelerinden peýdalanmak ähmiýetli bolup durýar. Halkara Energiýa Agentliginiň (IEA) Bütindünýä energiýa görkezijisi atly maglumatnamasynda 2030-njy ýyla çenli arassa energiýa çeşmelerine iberilýän maýa goýumyň üç esse artdyrylmalydygy nygtalýar. Şeýle hem maýa goýumyň 70 göteriminiň ösüp barýan ýurtlarda özleşdirilmelidigi aýdylýar. Maglumatda soňky ýyllarda ýel we Gün energiýasyna maýa goýumlar artýan hem bolsa, şu ýyl kömrüň sarp edilişiniň artmagy bilen howa goýberilýän kömürturşy gazynyň arjakdygy aýdylýar. Maglumatda hökümetler wada beren maksatnamalaryny durmuşa geçiren ýagdaýynda 2025-nji ýylda gazylyp alynýan energiýa serişdeleriniň iň ýokary derejä ýetjekdigi bellenilýär. 2050-nji ýyla çenli bolsa, howa iberilýän kömürturşy gazy 40 göterim azalar. Şol ýyl nebitiň global sarp edilişi gündelik 75 million barrele düşer. Häzirki wagtda bu görkeziji ortaça 100 million barrel.