Bellator 268 ady bilen geçiriljek MMA duşuşyklarynda ildeşimiz Döwletjan Ýagşymyradow hem çykyş eder. Tutluşyklar 16-njy oktýabrdan 17-nji oktýabra geçilýän gijede ABŞ-nyň Arizona ştatynyň Finiks şäherinde geçiriler. Şonda ildeşimiz garyşyk söweş sungatynyň ussady, şwesiýaly Karl Albrektsson bilen güýç synanyşar.

32 ýaşyndaky Döwletjan Ýagşymyradow şu wagta çenli geçiren tutluşyklarynda 18 gezek ýeňiş gazandy. 6 gezek asgyn gelen Ýagşymyradowyň bir tutluşygy deňlikde tamamlandy.

28 ýaşyndaky Albrektsson bolsa geçiren 15 duşuşygynda 12 gezek ýeňiş gazanyp, 3 gezek ýeňlişe sezewar boldy.

Agşamyň iň esasy tutluşyklary russiýaly Wadim Nemkow bilen Ýulius Anglikasyň, şeýle-de iki amerikaly urşujy Raýan Bader bilen aprelde Ýagşymyradow bilen tutluşan Kori Anderson, şol sanda Benson Hendorson bilen Brent Primusyň, Henri Korales bilenem Wladislaw Parubçenkonyň arasyndaky uruşlary görkezmek bolar.