Ýew­ro­pa­da kö­ne ki­tap­la­ry sat­ýan «Oxfam» hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi 2 müň bri­ta­n ra­ýa­ty­nyň ara­syn­da pi­kir so­ra­ly­şyk ge­çi­rip, ýur­duň ila­ty­nyň üç­den iki bö­le­gin­den gow­ra­gy­nyň ka­gyz we ga­ty daş­ly ki­tap­la­ry ha­la­ýan­dyk­la­ry­ny anyk­la­dy. Pi­kir so­ra­ly­şy­ga gat­na­şan­la­ryň ýa­ry­sy di­ýen ýa­ly (46%) ki­tap sa­hy­pa­la­ry­ny ag­da­ryp gör­me­gi ha­la­ýan bol­sa, 42%-i­niň el­le­rin­de ka­gyz ki­ta­byň bar­dy­gy­ny duý­ma­gy go­wy gör­ýän­dik­le­ri bel­li bo­lup­dyr. Okyjylaryň dört­den bi­ri (25%) ki­ta­byň ysy­ny ha­la­ýan­dygy­ny, 32%-i ka­gyz ki­tap­la­ry oka­mak bi­len ta­ry­hyň jüm­mü­şi­ne has çuň­ňur ara­laş­ýan­dygy­ny, 16%-i­ bol­sa, şeý­le eser­le­riň ki­tap­ha­na­la­ry ýa­da sal­ýan­dy­gy­ny bel­läpdirler.
Pi­ki­ri so­ra­lan­la­ryň 35%-i ka­gyz ki­tap­la­ry ile­ri tut­ýan­dygy­ny, se­bä­bi ola­ry öz öý ki­tap­ha­na­syn­da go­ýup bil­ýän­dik­le­ri­ni aýt­dy­lar. Bar­lag­lar san­ly öz­ge­riş­li­ge ga­ra­maz­dan, oky­jy­la­ryň di­ňe 16%-iniň elekt­ron ki­tap­la­ry oka­ma­gy ma­kul bil­ýän­di­gi­ni, 6%-in­de­nem az bö­le­gi­niň au­dio­ki­tap­la­ra ýüz tut­ýan­dy­gy­ny gör­kez­di. Şeý­le hem, ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da or­ta­ça, her bir uly ýaş­ly bri­ta­ni­ýa­ly­da ka­gyz ýa-da ga­ty daş­ly 49 ki­tap bo­lup, ola­ryň hep­de­de üç sa­gat tö­we­re­gi oka­ýan­dy­gy bel­li bol­dy.
Mun­dan baş­ga-da, ýur­duň ýa­şaý­jy­la­rynyň köp­lenç ozal ula­ny­lan ki­tap­la­ry sa­tyn al­ýan­dy­gy bel­li bo­lup­dyr. Ola­ryň 71%-i ar­zan bo­la­ny üçin, 52%-i bol­sa eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ha­sap­lap şeý­le eser­le­ri saý­la­ýar­lar. Beý­le­ki­le­ri­ üýt­ge­şik ysy (18%), şe­kil­le­ri (18%) ýa-da onuň için­den çyk­ýan ýaz­gy­lar we hat­lar (15%) se­bäp­li kö­ne ki­tap­la­ry go­wy gör­ýän­digi­ni aý­dyp­dyr­lar. Pi­ki­ri so­ra­lan­la­ryň 45%-i ki­tap­la­ryň ge­lip çy­ky­şy­nyň we ola­ryň ozal­ky eýe­le­ri­niň yk­ba­ly­nyň gy­zyk­ly­dy­gy­ny bel­le­di­.
Pi­ki­ri so­ra­lan­la­ryň ýa­ry­syna golaýy (45%) hä­zir­ki wagt­da adat­da­ky­syn­dan has köp okap baş­lan­dygy­ny, geçen to­mus dynç al­şa gi­den­le­rinde öz ýa­ny bi­len ki­tap alan­dygy­ny aýt­dy­lar. Pi­ki­r so­ra­ly­şy­ga gat­na­şan­la­ryň 75%-i ki­tap­la­ry okan­dan soň, sow­gat ber­me­gi göz öňün­de tut­ýan­dygy­ny­, 72%-i bol­sa köp­lenç ula­ny­lan ki­tap­la­ry öz­le­ri­niň sa­tyn al­ýan­dygy­ny aýt­dy­. Şeý­le hem ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da oky­jy­la­ryň 58%-i go­wy ki­ta­byň dynç al­ma­ga kö­mek ed­ýän­di­gi­ni, 46%-i bol­sa re­al dün­ýä­den ün­sü­ni sow­mak üçin oka­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Ýö­ne on­dan üçü­si­niň tä­ze bir zat öw­ren­mek üçin, 39%-iniň bol­sa öz­le­ri­ni bagt­ly duý­mak üçin oka­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­dy­lar.