In­ter­net – tor­lar we en­jam­la­ryň ara­syn­da ara­gat­na­şyk sak­la­mak üçin In­ter­net pro­to­kol top­lu­my­ny (TCP / IP) ulan­ýan bi­ri-bi­ri­ne bag­ly komp­ýu­ter tor­la­ry­nyň glo­bal ul­ga­my­dyr. Elekt­ron, sim­siz we op­ti­ki ul­gam teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň köp san­ly­sy bi­len bag­la­nyş­dy­ry­lan, ýer­li, dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki hu­su­sy, jem­gy­ýet­çi­lik, aka­de­mi­ki, işe­wür we hö­kü­met ul­gam­la­ryn­dan yba­rat tor­lar ul­ga­my. In­ter­net bi­ri-bi­ri­ne bag­ly gi­per­tekst res­mi­na­ma­la­ry we WWW prog­ram­ma­la­ry, elekt­ron poç­ta, te­le­fon we faýl paý­laş­ma­sy ýa­ly köp san­ly mag­lu­mat çeş­me­le­ri­ni we hyz­mat­la­ry­ny öz içi­ne al­ýar. Köp ýyl­dan bä­ri ulanyl­ýan sü­ýüm­li in­ter­net ka­bel in­ter­net teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň iň ýo­ka­ry tiz­lik­li gör­nüş­i bo­lup dur­ýar. Op­ti­ki sü­ýüm­li in­ter­net, esa­sa­nam, 2010-njy ýyl­lar­dan bä­ri bi­ziň ýur­du­myz­da we dün­ýä­niň äh­li kün­je­gin­de hem ýaý­ra­wy­ny do­wam et­dir­ýär. Bü­tin dün­ýä­de mag­lu­mat ge­çi­riş ýo­lu­ny tä­ze­den kes­git­le­ýän sü­ýüm­li op­ti­ki ka­bel­ler sü­ýüm­li in­ter­ne­tiň esa­sy bö­le­gi bo­lup dur­ýar.
Sü­ýüm­li in­ter­net nä­me?
Sü­ýüm op­ti­ki in­ter­net ýa-da köp­lenç sü­ýüm­li in­ter­net diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan giň ge­rim­li tor bi­rik­me­si bo­lup, 940 Mbit/s tiz­li­ge ýet­mek müm­kin­çi­li­gi­ne eýedir. Bu teh­no­lo­gi­ýa­nyň esa­sy gur­lu­şy göz öňü­ne ge­ti­ri­şi­ňiz ýa­ly sü­ýüm-op­ti­ki ka­bel­ler­dir. Bu sü­ýüm­li ka­bel­ler ýag­ty­ly­gyň iň ýo­ka­ry kuw­wa­ty­nyň 70 gö­te­ri­mi­ne ba­ra­bar tiz­lik­de mag­lu­mat­la­ry ge­çi­rip bi­ler. Mun­dan baş­ga-da, beý­le­ki ge­çi­ri­ji ka­bel­le­re ga­ra­nyň­da kä­bir ho­wa şert­le­ri­ne az tä­sir ed­ýän sü­ýüm­li ka­bel­le­riň öm­ri has uzyn we elekt­rik päs­gel­çi­li­gi­ne has köp gar­şy du­rup bil­ýär. Çy­dam­ly we ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly sü­ýüm­li ka­bel­le­riň üs­ti bi­len ibe­ril­ýän in­ter­ne­te sü­ýüm­li in­ter­net di­ýil­ýär. As­lyn­da, sü­ýüm ka­bel­le­ri­niň mag­lu­mat ge­çi­riş tiz­li­gi ýag­ty­ly­gyň tiz­li­gi­ne ýa­kyn­ly­gy se­bäp­li çä­gi ýok. 1 Gb/s-a ýa­kyn çäk ba­da-bat ge­çi­ri­ji­lik müm­kin­çi­li­gi­niň iň ýo­ka­ry çä­gi­dir. Şo­nuň üçin sü­ýüm­li in­ter­ne­tiň tiz­li­gi­niň çäk­siz­di­gi­ni aýt­sak nä­dog­ry bol­maz. Ope­ra­tor­la­ryň hö­dür­läp bil­ýän des­si­ne ge­çi­ri­ji­lik giň­li­gi iň ýo­ka­ry 100 Mbit/s bi­len çäk­len­ýär.
Sü­ýüm­li in­ter­net nä­hi­li iş­le­ýär?
Sü­ýüm­li in­ter­ne­ti ada­ty mis ka­bel­le­rin­den ta­pa­wut­lan­dyr­ýan iň uly aý­ra­tyn­ly­gy mag­lu­mat­la­ry elekt­rik ýe­ri­ne ýag­ty­lyk gör­nü­şin­de ge­çir­me­gidir. Örän ki­çi­jik aý­na sü­ýüm­le­rin­den yba­rat sü­ýüm­li op­ti­ki ka­bel­ler elekt­rik mag­lu­mat­la­ry mis ka­bel­de he­re­ket edi­şi ýa­ly mag­lu­mat­la­ry gö­ter­ýär, ýö­ne mag­lu­mat­lar ýag­ty­lyk gör­nü­şin­de bolýar. Sü­ýüm­li op­ti­ki ka­bel bir wag­tyň özün­de bir­nä­çe mag­lu­mat­la­ry alyp bil­ýär. Şol se­bäp­li bular köp sü­ýüm op­ti­ki bir­leş­di­ri­len we sü­ýüm op­ti­ki ma­gist­ral ka­bel­le­ri di­ýil­ýän ýer­ler­de ula­nyl­ýar. Sü­ýüm­li op­ti­ki ka­bel­le­ri eme­le ge­tir­ýän op­ti­ki sü­ýüm­le­r tak­my­nan 125 mik­ron ulu­lyk­da bo­lup, bu adam sa­çy­nyň ýo­gyn­ly­gy­na deň­dir. Bu sü­ýüm op­ti­ka­syn­dan geç­ýän ýag­ty­lyk gör­nü­şin­dä­ki mag­lu­mat­lar en­jam­la­ra ýe­ten­de gaý­ta­dan elekt­rik gör­nü­şi­ne öw­rül­ýär. Şeý­le­lik-de, en­jam­lar mag­lu­mat­la­ry ta­pyp bil­ýär­ler.
Sü­ýüm­li in­ter­ne­tiň tiz­li­gi nä­me üçin ýo­ka­ry?
Ýo­kar­da bel­läp ge­çi­şi­miz ýa­ly, sü­ýüm­li in­ter­net köp sü­ýüm­li op­ti­ka­nyň bi­le­lik­de saz­la­şyk­ly ula­nyl­ma­gy ne­ti­je­sin­de eme­le gel­ýän sü­ýüm op­ti­ki ma­gist­ral ka­bel­le­ri bi­len ama­la aşy­ryl­ýar. Sü­ýüm­den öň bo­lan we hä­zi­rem ula­nyl­ýan mis ka­bel­ler mag­lu­mat­la­ry bir ge­zek­de elekt­rik gör­nü­şin­de alyp bil­ýär. Sü­ýüm op­ti­ki ma­gist­ral ka­bel­le­ri ýüz­ler­çe sü­ýümden yba­rat bo­lup, her sü­ýüm bir wag­tyň özün­de ýag­ty­lyk tiz­li­gi­ne ýa­kyn tiz­lik­de ýag­ty­lyk gör­nü­şin­de bir­nä­çe mag­lu­ma­ty gö­ter­ýär. Şol se­bäp­li sü­ýüm­li in­ter­net hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­däki iň çalt in­ter­net ha­sap­lan­ýar. Sü­ýüm­li in­ter­net şeý­le çalt bol­sa-da, ozal bel­läp ge­çi­şi­miz ýa­ly, ope­ra­tor­lar ta­ra­pyn­dan hö­dür­len­ýän des­si­ne ge­çi­ri­ji­lik tiz­li­gi­ne bag­ly­dyr. Şeý­le hem, köp plat­for­ma­lar­da gö­çü­rip al­ma­gyň tiz­li­gi­niň çä­gi bar. In­ter­net giň­den ýaý­ran­soň DSL, ýag­ny ada­ty te­le­fon li­ni­ýa­la­ry ar­ka­ly bi­rig­ýän in­ter­net hyz­mat­la­ryn­dan peý­da­la­nyl­dy. DSL mis sim­ler bi­len kö­ne te­le­fon ge­çi­ri­ji­le­rin­den ge­çi­ril­di we tiz­li­gi 2 Mbit/s çen­li ýo­kar­lan­dy­ryl­ýar. Soň in­ter­net ope­ra­tor­la­ry öz ka­bel inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny gu­rup baş­la­dy­lar. Ýe­riň as­tyn­dan ge­çi­ri­len bu ör­me ka­bel­ler mis­den ýa­sa­lyp, öň te­le­wi­zion ýaý­lym­la­ry ber­mek üçin ula­nyl­ýar­dy. Hä­zir­ki wagt­da köp ula­nyl­ýan ka­bel in­ter­net bi­rik­me­si 20 Mbit/s – 100 Mbit/s ara­ly­gy hö­dür­le­ýär. Gün­de­lik ula­ny­jy­la­ryň kö­pü­si üçin 20-100 Mbit/s tiz­lik ýe­ter­lik­dir. Sü­ýüm­li in­ter­net, esa­san, çalt amal­la­ra niýetlenilip, dur­nuk­ly bag­la­ny­şy­gy ke­pil­len­dir­ýän in­ter­ne­ti adam­lar we edaralar üçin elýeterli edýär.