Öz­be­gis­ta­nyň saý­la­nan Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew ka­sam ka­bul edip, we­zi­pe­si­ne gi­riş­di. Şu ýylyň 14-nji dekabrynda ýurduň parlamentiniň binasynda ka­sam ka­bul ediş da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Ýur­duň Mer­ke­zi saý­law to­pa­ry­nyň ýol­baş­çy­sy Mir­za-Ulug­bek Ab­du­sa­lo­mow Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­we Öz­be­gis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň şa­ha­dat­na­ma­sy­ny gow­şur­dy.
Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew par­la­men­tiň iki pa­la­ta­sy­nyň bi­le­lik­dä­ki mej­li­sin­de ýur­duň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na hem-de mukaddes kitap Kurana eli­ni go­ýup, ka­sam ka­bul et­di. Ol Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­ny hem-de ka­nun­la­ry­ny ber­jaý edip, hal­kyň hu­kuk­la­ry­ny we azat­lyk­la­ry­ny ke­pil­len­dir­jek­di­gi­ni, ýur­duň Pre­zi­den­ti­niň we­zi­pe­le­ri­ni ak ýü­rek bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­jek­di­gi­ni aýt­dy.
Özbegistanda prezident saýlawy 4-nji dekabrda geçirildi. Şonuň netijesinde, Özbegistanyň Liberal-demokratik par­ti­ýa­synyň dalaşgäri Şawkat Mirziýoýew 88,61 göterim ses alyp, döwlet baştutanlygyna saýlanypdy.