Täze Zelandiýanyň saýlanan Premýer-ministri Bill Ingliş kasam kabul edip, täze wezipesine girişdi. Ýurduň ozalky hökümet başlygy Jon Keý wezipesini meýletin tabşyranyndan soňra, onuň orunbasary Bill Ingliş milli partiýanyň mejlisinde hökümet başlyklygyna saýlandy. Onuň orunbasarlygyna bolsa, döwlet işleri boýunça ministr Paula Bennet bellendi.
Milli partiýanyň başlygy Piter Gudfellou täze saýlanan hökümet başlygynyň hem-de onuň orunbasarynyň mundan beýläk-de ýurduň ösüşine öz saldamly goşantlaryny goşjakdyklaryny mälim etdi.
Ýurduň ilatynyň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanan ozalky Premýer-ministr Jon Keý garaşylmadyk ýagdaýda wezipesinden gitdi.