Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň saý­la­nan Baş sek­re­ta­ry An­to­niu Gu­ter­riş Baş As­samb­le­ýa­da ka­sam ka­bul edip, bü­tin­dün­ýä gu­ra­ma­nyň res­mi taý­dan 9-njy Baş sek­re­ta­ry bol­dy. Da­ba­ra­ly ýag­daý­da ge­çi­ri­len ka­sam ka­bul ediş­lik çä­re­sin­de Por­tu­ga­li­ýa­nyň ozal­ky Prem­ýer-mi­nist­ri BMG-niň bäh­bit­le­ri üçin gul­luk et­jek­di­gi ba­ra­da ka­sam et­di.
Da­ba­ra Baş As­samb­le­ýa­nyň mün­be­rin­de hä­zir­ki Baş sek­re­tar Pan Gi Mun, gu­ra­ma­nyň Howp­suz­lyk Ge­ňe­şi­niň he­mi­şe­lik we­kil­le­ri, Por­tu­ga­li­ýa­nyň Pre­zi­den­ti hem-de Prem­ýer-mi­nist­ri gat­naş­dy.
BMG-niň düz­gün­na­ma­sy­na eli­ni go­ýup, ka­sam ka­bul eden Gu­ter­riş Baş sek­re­tar­lyk döw­rün­de ama­la aşyr­ma­gy mak­sat edin­ýän 3 stra­te­gik ug­ry ba­ra­da çy­kyş et­di. Ol bü­tin­dün­ýä gu­ra­ma­sy­nyň halk­la­ryň ara­syn­da­ky pa­ra­hat­çy­ly­gyň sak­la­nyp gal­ma­gy­na, dur­nuk­ly ösü­şiň iler­le­dil­me­gi­ne we içer­ki öz­gert­me­le­ri ama­la aşyr­ma­ga esa­sy ün­sü­ni gö­nük­dir­jek­di­gi­ni mä­lim et­di.
Saý­la­nan Baş sek­re­tar BMG üçin tä­ze döw­rüň baş­la­nan­dy­gy­ny hem-de köpta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne hyz­mat et­me­giň ze­rur­dy­gy­ny bel­läp geç­di.
Gu­ter­riş BMG-niň öz için­de ama­la aşy­ryl­jak öz­gert­me­ler ba­ra­da gür­rü­ňi­ni do­wam et­di­rip, gu­ra­ma­nyň çe­ýe hem-de ne­ti­je­li bol­ma­ly­dy­gy­ny aýt­dy.
BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Baş­ly­gy Pi­ter Tom­son tä­ze saý­la­nan Baş sek­re­ta­ryň we­zi­pe­sin­de üs­tün­lik ga­zan­jak­dy­gy­ny bel­le­di. Ol gu­ra­ma ag­za döw­let­le­riň saý­la­nan Baş sek­re­tar bi­len ozal yla­la­şy­lan ugur­lar bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy­ny do­wam et­dir­jek­di­gi­ne pug­ta ynan­ýan­dy­gy­ny mä­lim et­di.
BMG-niň hä­zir­ki Baş sek­re­ta­ry Pan Gi Mun hem An­to­niu Gu­ter­ri­şe we­zi­pe­sin­de üs­tün­lik ar­zuw edip, onuň gu­ra­ma­ny ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne çy­kar­jak­dy­gy­na ynam bildirdi. Soň­ra Pan Gi Mun gu­ra­ma ag­za döw­let­le­riň we­kil­le­ri­ne ho­şal­lyk bil­di­rip, BMG-niň res­mi dil­le­ri ha­sap­lan­ýan 6 dil­de hoş­la­şyk söz­le­ri­ni aýt­dy.
Baş As­samb­le­ýa­nyň mej­li­sin­de Re­zol­ýu­si­ýa ka­bul edi­lip, on­da Pan Gi Mu­na 10 ýyl­lyk Baş sek­re­tar­lyk döw­rün­de bi­ti­ren iş­le­ri üçin min­net­dar­lyk bil­di­ril­di. Res­mi­na­ma­da Pan Gi Mu­nuň uly üs­tün­lik­le­ri ga­za­nan­dy­gy­ny, ola­ryň ara­syn­da ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy gö­reş­mek mak­sa­dy bi­len ka­bul edi­len Pa­riž yla­la­şy­gy­nyň gör­ke­zi­len­di­gi bel­le­nip ge­çil­di.
An­to­niu Gu­ter­riş Baş As­samb­le­ýa­nyň Ka­ra­ry bi­len 2016-njy ýy­lyň 13-nji okt­ýab­ryn­da Baş sek­re­tarlyga saý­lan­dy. Ol 2017-nji ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­da işe gi­ri­şer we we­zi­pe möh­le­ti 2021-nji ýy­lyň 31-nji de­kab­ry­na çen­li do­wam eder. Ol mun­dan ozal, BMG-niň Bos­gun­lar bo­ýun­ça Ýo­ka­ry ko­mis­sa­ry we­zi­pe­sin­de-de iş­läp­di.