Gyrgyz Respublikasynda konstitusion özgertmeleri amala aşyrmak üçin sala salşyk geçirildi. Oňa ýurduň ilaty uly gyzyklanma bildirip, geçen hepdäniň ahyrynda geçirilen syýasy çärä işjeň gatnaşdy. Şonuň netijesinde, ýurduň Baş Kanunyna üýtgetmeler girizmek üçin halka sala salyndy we halkdan kanagatlanarly jogap alyndy.
Ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň habarnamasyna görä, sala salşyga saýlawçylaryň 30 göteriminiň gatnaşmagy onuň geçirilendigini alamatlandyrýar.
Gyrgyz Respublikasynyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler girizmek başlangyjy bilen deputatlar çykyş etdi we ol teklip döwlet Baştutany tarapyndan gyzgyn goldawa eýe boldy. Ýurduň Baş Kanunyna 36 üýtgetme girizmek göz öňünde tutulýar.
Kanuny işläp taýýarlaýjylaryň tekliplerine görä, ýurduň hökümet başlygynyň, kazylaryň hem-de prokurorlaryň wezipe borçlaryna täze üýtgetmeleri girizmek meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da adam hukuklary, maşgala ýagdaýy baradaky kanunlara täze düzedişler girizmek maksat edinilýär.
Gyrgyz Respublikasynyň Konstitusiýasy 1993-nji ýylda ýurduň parlamenti tarapyndan kabul edildi. Häzirki wagta çenli sala salşyk geçirilip, oňa 6 gezek üýtgetme girizildi. Mundan başga-da ýurduň parlamenti tarapyndan iki gezek düzedişler herekete getirildi.