Londonyň Tebigat ylymlary muzeýi, ýabany tebigaty surata düşürmek boýunça her ýyl geçirilýän iň uly bäsleşik bolan “Ýylyň ýabany tebigat suratçysy” bäsleşiginiň netijelerini mälim etdi. Bu barada muzeýiň web sahypasynda habar berildi.
2021-nji ýylyň iň gowy suratçysy fransiýaly Loran Ballesta boldy. Ol fransuz polineziýasynda ýaşaýan “Epinephelus polifekadion” balygynyň köpelýän pursatyndaky dumanlygy surata düşürmegiň hötdesinden geldi. Surata almak üçin suratçy, 20 metr çuňlukda yzly-yzyna 24 sagat suwuň aşagynda galmaga mümkinçilik berýän öz usulyýetini kämilleşdirmeli boldy. Balyk ýumurtgalarynyň dumanlygy sorag belgisine çalym edýär. Suratçynyň pikiriçe, munuň manysy olaryň geljegi baradaky sowal, çünki adatça olaryň diňe milliondan biri diri galýar.
Şeýle-de ýaş suratçylar ugry boýunça-da ýeňiji belli boldy. Ol 10 ýaşly hindi oglanjygy Widýun R. Hebbar. Oglan möýler bilen gyzyklanyp, düşüren suratlaryny ozal hem birnäçe gezek bäsleşige ugradypdy.
Dürli ugurlar boýunça başga-da birnäçe ýeňiji kesgitlenildi. Beýlekileriň arasynda awstraliýaly Adam Oswell fotožurnalistika ugry boýunça birinji orny eýeledi. Ol özüniň düşüren suratynda Taýland haýwanat bagynda adamlaryň piliň çykyşyna nähili tomaşa edýändiklerini görkezýär. Şeýlelikde, Oswell bu haýwanlaryň ekspluatasiýa meselesini hem orta atýar. Pil syýahatçylygy Aziýada meşhur bolup, adamlar tälim berlen pillere tomaşa etmäge gelýärler.
Şu ýyl bu bäsleşige 95 ýurtdan suratçylaryň 50 müň suraty tabşyryldy. Iň gyzykly eserleriň doly galereýasy muzeýiň resmi web sahypasynda goýuldy.