Ýaponiýanyň “Toyota Motor” kompaniýasy litiý-ion batareýalarynyň önümçiligini artdyrmagy maksat edinýär. Kompaniýa ABŞ-da elektroulag batareýalaryny öndürýän zawod gurmagy meýilleşdirýär. “Toyota Motor North America” hem-de “Toyota Tsusho” firmalary bu ugurda hyzmatdaşlyk ederler. 2025-nji ýylda önümçilige başlanjak zawoda 2031-nji ýyla çenli 1,29 milliard maýa goýum goýlar. Önümçilik desgasynyň ýeri we kuwwaty barada maglumat berilmedi. “Kyodo” agentliginiň habaryna görä, “Toyota Motor North America”-nyň ýolbaşçysy Ogawa Tetsuo bu maýa goýumyň elektroulaglaryň amerikan sarp edijileri üçin has amatly bahada bolmagyna ýardam etjekdigini aýdypdyr. Maglumatlara görä, ýapon brendiniň ABŞ-da satylýan ulaglarynyň 25 göterimini elektroulaglar emele getirýär. Kompaniýanyň ýolbaşçylary bu görkezijiniň 2030-njy ýyla çenli 70 göetrim boljakdygyny belleýärler.
Rahym Çaryýew,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.