Fransuz ýazyjysy Rene Gosinniniň “Asteriksiň başdan geçirmeleri” atly eseriniň gutarylman galan böleginiň gyzy tarapyndan tamamlanjakdygy mälim edildi. Ýazyjynyň gyzy Anne Gosinni meşhur eseriň “Sirkdäki Asteriks” bölümine degişli 20 sahypalyk golýazmany tapandygyny mälim etdi. Kakasynyň kesbine eýerýän ýazyjy zenan Anne bu eseriň üstünde işläp, neşir ediljekdigini, şeýlelikde ajaýyp eseriň täze nusgasynyň peýda boljakdygyny aýtdy.

1926-njy ýylyň 14-nji awgustynda Parižde dünýä inen Rene Gosinni “Asteriksiň başdangeçirmeleri” atly komiksi bilen uly meşhurlyk gazanýar. Bu eseriň esasynda multiserial hem döredilýär. Häzirki wagtda ýüzden gowrak dile terjime edilen “Asteriksiň başdangeçirmeleri” ilkinji gezek 1959-njy ýylda suratkeş Alber Uderzonyň çeken suratlary bilen bezelip neşir edilýär. Gysga wagtdan okyjylar tarapyndan uly isleg bildirilen eseriň dowamy çap edilip ugraýar. 1967-nji ýylda eýýäm onunjy jildi köpçülige ýetirilýär. “Legýoner Asterix” atly bu serialdan iki günde 1,2 million nusgasy satylýar.

Rene Gosinni 1977-nji ýylyň 5-nji noýabryna Parižde aradan çykýar. 2013-nji ýyldan bäri “Asteriksiň başdangeçirmeleriniň” dowamyny fransuz ýazyjysy Žan-Iw Ferri ýazyp, neşir etdirip gelýär. Bu eseriň bezeg işleri suratkeş Didýe Konred tarapyndan alnyp barylýar. Häzirki wagtda Gosinniniň döreden “Asteriksiň başdangeçirmeleri” giň okyjylar köpçüligi tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýär.