UEFA Çempionlar Ligasynda “F” toparçada “Mançester Ýunaýted” öz meýdançasynda “Atalantany” kynlyk bilen ýeňdi. Birinji ýarymda Atalanta topary Paşaliç (15) we Demiralyň (29) gollary bilen 2-0 öňe saýlandy. Ýöne ruhdan düşmedik Mançester Ýunaýted 2-nji ýarymda 3 gol geçirip, ýeňiş gazanmagyň hötdesinden geldi. 53-nji minutda Reşford, 75-nji minutda Maguaýr hem-de 81-nji minutda Ronaldo toparyna ýeňiş getiren oýunçylar boldy. Ronaldo UÇL-däki 137-nji goluny geçirip, öz rekordyny ösdürdi. Şeýle-de Atalanta onuň gol geçiren 38-nji kluby boldy. UÇL-de şu möwsümde 3 oýunda 3 gol geçiren Ronaldo mundan öňki tapgyrda-da toparyna ýeňiş getiren futbolçy bolupdy.

Toparçadaky beýleki duşuşykda Wilýarreal myhmançylykda Ýang Boýzy 4-1 hasabynda ýeňdi. Ispan toparynyň gollaryny Pino, Žerar Moreno, Moreno hem-de Çukwueze geçirdi. Wilýarreal topary 2008-nji ýyldan soň UÇL-de ilkinji ýeňşini gazandy.