Soň­ky ýyl­lar­da el te­le­fon­la­ryn­da, ýö­ri­te ki­tap­ça­lar­da we ga­zet-žur­nal­lar­da ga­bat gel­ýän su­do­ku oý­ny iň gy­zyk­ly güý­men­je­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Bu oýun boş öý­jük­le­re san­la­ryň bel­li bir ter­tip­de ýer­leş­di­ril­me­gi bi­len çö­zül­ýär. Ýa­pon tap­ma­ça­sy bo­lan su­do­ku hä­zir­ki wagt­da bü­tin dün­ýä­de meş­hur­dyr. Su­do­ku ýa­pon di­lin­de «san­lar täk bol­ma­ly» diý­me­gi aň­lad­ýan «Suu­ji wa do­kis­hin ni ka­gi­ru» söz dü­zü­mi­niň gys­gal­dyl­ma­gyn­dan eme­le ge­lip­dir. Bu oýun il­kin­ji ge­zek 1984-nji ýyl­da çap edil­ýär. Esa­san, 2005-nji ýyl­dan soň­ra dün­ýä­niň beý­le­ki ýurt­la­ryn­da ýaý­rap baş­la­ýar. Bu oý­nuň pi­kir­len­mek we ne­ti­je çy­kar­mak uky­by­ňy art­dyr­ýan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Şeý­le hem bu oýun edil ki­tap oka­mak, kross­word çöz­mek, maşk et­mek ýa­ly ýat­keş­li­gi­ňi hem güýç­len­dir­ýär. Köp ýurt­da ça­ga­la­ra su­do­ku çöz­mek üçin müm­kin­çi­lik dö­re­dil­ýär.

Sudoku nä­hi­li çö­zül­ýär?
Su­do­ku oý­ny ada­myň «üç öl­çeg­li pi­kir­len­mek» uky­by­ny art­dyr­ýar. Bu oýun adat­ça 9×9 gör­nü­şin­de, ýag­ny 9 se­tir­den we 9 sü­tün­den eme­le gel­ýär. Ne­ti­je­de, je­mi 81 (9×9) öý­jük bol­ýar. Şeý­le hem bu öý­jük­ler 3 se­tirden we 3 sü­tün­den (3×3) eme­le ge­len 9 bö­le­ge bö­lün­ýär. Bö­lek­ler has ga­ra çy­zyk­lar bi­len gör­ke­zil­ýär. Su­do­ku çö­zü­len­de her se­tir­de we sü­tün­de 1-den 9-a çen­li san­lar bol­ma­ly. Şol se­bäp­li boş öý­jük­ler dol­du­ry­lan­da, her se­tir­de we sü­tün­de bir san iki ge­zek gaý­ta­lan­ma­ly däl. Has ga­ra çyz­gy­lar bi­len gör­ke­zi­len her bö­lek­dä­ki san­lar hem 1-den 9-a çen­li bo­lup, gaý­ta­lan­ma­ly däl.
Su­do­ku çö­zü­len­de il­ki bi­len haý­sy se­tir­de we sü­tün­de haý­sy sa­nyň bol­ma­ly­dy­gy­na, soň­ra bol­sa haý­sy bö­lek­de haý­sy sa­nyň bol­ma­ly däl­di­gi­ne üns ber­me­li. Ýo­kar­dan aşak­ly­gy­na ga­bat gel­ýän san­la­ryň kä­bi­ri­ni ta­pa­ny­ňyz­dan soň­ra, beý­le­ki boş öý­jük­le­re-de haý­sy san­la­ryň gel­jek­di­gi has aý­dyň bol­ýar.
Adat­ça, 9×9 gör­nüş­li su­do­ku­lar meş­hur hem bol­sa, 6×6 gör­nüş­li, di­ňe täk san­lar­dan dü­zü­len, di­ňe jü­büt san­lar­dan dü­zü­len, kub şe­kil­li we beý­le­ki bir­nä­çe gör­nü­şi hem bar.