50 ýyl tö­we­re­gi mundan ozal «Apol­lo 15» mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de Aýa ba­ran ame­ri­kan ast­ro­nawt­la­ry Deýw Skott hem-de Jim Ir­win Ýe­riň hem­ra­syn­da aw­tou­lag sü­rüp­di­ler. Iki ast­ro­nawt elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän bu ulag­dan üç sa­gat­lap Aýyň ýü­zü­nde sü­rüp­di­ler. Şon­dan bä­ri ada­myň sür­me­gi­ne ni­ýet­le­nen hiç hi­li ulag se­riş­de­si baş­ga pla­ne­ta ibe­ril­me­di. Ger­ma­ni­ýa­nyň mo­to­sikl di­zaý­ny bi­len meş­gul­lan­ýan «Hoo­kie» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň in­že­ne­ri Ni­ko fon Hu­ki Aý­da we beý­le­ki pla­ne­ta­lar­da sür­mä­ge ni­ýet­le­nen mo­to­sikl iş­läp taý­ýar­la­dy. 15 km/sa­gat tiz­lik bi­len he­re­ket ed­ýän bu ula­ga kos­mo­syň ýa­şa­mak üçin amat­syz şert­le­rin­de hem öl­män gal­ýan mik­ros­ko­bik jan­dar bo­lan «Tar­dig­ra­de»-niň ady be­ril­di. Aşa ýe­ňil ma­te­ri­al­lar­dan ön­dü­ri­len ula­gyň ag­ra­my 134 ki­log­ram. Ula­gy iş­läp taý­ýar­lan in­že­ner­ler onuň ti­gir­le­ri­niň al­ýu­min­den we ýel­siz ug­le­rod ma­te­ri­al­dan ýa­sap­dyr. Çy­dam­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan bu ula­ga dür­li en­jam­la­ry we gu­ral­la­ry hem ýük­läp bol­ýar. Ulag bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len 110 km ýol ge­çip bil­ýär. Ula­gyň rus di­zaý­ne­ri And­reý Fa­bi­şews­ki­niň nus­ga­syn­dan al­nyp iş­le­nip taý­ýar­la­nan­dy­gy mä­lim edil­di. Ulag hä­zir­ki wagt­da Los-An­je­les­dä­ki Pe­ter­sen aw­tou­lag mu­ze­ýin­de gör­ke­zil­ýär.

Baýramgylyç ALTYBAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.