1999-njy ýylda Germaniýanyň Nebra şäherinde tapylan dünýäniň iň gadymy ýyldyz kartasy Britan muzeýinde görkeziler. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni sanawyna girizilen bu taryhy eser 3 müň 600 ýyl ozal döredilipdir. Tegelek şekilli kartanyň ýüzünde ýyldyzlaryň we Aýyň şekilleri bar. Alymlar bu eseriň Angliýadaky Stounhenj bilen baglanyşykly bolup biljekdigini belleýärler.
Dünýäniň iň gadymy ýyldyz kartasy hasap edilýän «Nebra asman tigriniň» Bürünç eýýamyndan galandygy bellenilýär. Taryhy eser XX asyryň iň ähmiýetli arheologik tapyndylarynyň biri hasaplanýar. Bürünç kartanyň diametri 30 santimetre barabar. Onuň ýüzünde Gün, Aý, ýyldyzlar, ýylyň dowamynda günleriň deňleşýän wagtlary we beýeki kosmiki hadysalary alamatlandyrýan altyn nyşanlar bar.
Eser Germaniýanyň taryhdan ozalky döwre degişli eksponatlaryň saklanýan Halle döwlet muzeýine degişli bolup, Britan muzeýine wagtlaýyn berildi.
Tahyr Gulmämmedow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy.