“Facebook” jemgyýetçilik tory fransuz metbugat edaralaryna habarlary üçin pul tölär. Munuň üçin kompaniýa Baş Maglumat Metbugat Bileleşigi (APIG) bilen şertnama baglaşdy. APIG birnäçe ýerli we milli fransuz metbugat edalaryna wekilçilik edýär. Ylalaşyga görä kompaniýa jemgyýetçilik torunyň ulanyjylarynyň paýlaşan täzelikleri we maglumatlary üçin metbugat edaralaryna galamhaky tölär. Bu baradaky beýanatda agzalýan metbugat edaralary 2022-nji ýylyň ýanwarynda güýje girjek “Facebook News” applikasiýalaryna elýeterli ediljekdigi bellenilýär.

APIG-iň başlygy Pýer Lutte “Facebook” bilen gol çekilen ylalaşygyň fransuz kanunlarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etjekdigini we fransuz metbugat edaralaryna maliýe goşandyny goşjakdygyny belledi.