Fransiýanyň “Renault” kompaniýasy çip ýetmezçiligi sebäpli 2021-nji ýylda maksat edinilenden 500 müň sany az ulag öndürjekdigini mälim etdi. Kompaniýa şu ýylyň iýul aýynda ulag önümçiligini 200 müň töweregi azaldyp biljekdiklerini aýan edipdi. “Renault” ýylyň soňky çärýeginde bu meseläniň doly çözülmändigini nazarda tutup, ýylyň ahyryna çenli önümçilik mukdaryny garaşylandan ýarym million ýakyn az boljakdygyny mälim etdi.

Toyota” hem azaltdy

Global derejede ýüze çykan çip ýetmezçiligi awtoulag senagatyna öz täsirini ýetirmegini dowam etdirýär. Ýaponiýanyň “Toyota Motor” kompaniýasy hem Hytaýda emele gelen elektrik energiýasynyň ýetmezçiligi sebäpli noýabr aýyndaky global önümçiligini 15 göterim azaldyp, 150 müň ulaga çenli azaldar. Şeýle hem kompaniýa 2021-nji maliýe ýylynyň dowamynda 9 million ulag öndürjekdigini mälim edipdi. Ýapon brendi pandemiýadan ozal her ýylda 10 milliondan köp ulag öndürýärdi.