Awstraliýa koronawirus çäreleriniň çäginde takmynan 600 gün ozal ýapylan serhetlerini açjakdygyny mälim etdi. Ýurtda halkara syýahat çäklendirmesi ýatyrylar we ýylyň ahyryna çenli ýurduň serhetleri işçiler we daşary ýurtly talyplar üçin açylar. Saglygy goraýyş we içeri işler ministrlikleriniň bilelikdäki beýanatynda Awstraliýanyň serhetleriniň ýapylandygyna 18 aýdan gowrak wagtyň geçendigi bellenilip, ýylyň ahyryna çenli doly sanjym alan hünärmenleriň we daşary ýurtly talyplaryň ýurda gelip biljekdigi aýdyldy. Takmynan 600 gün ulanylýan çäklendirmeleriň ýeňilleşdiriljekdigi we serhetler açylandan soň geljek ýolagçylaryň karantin şertleriniň raýaty bolan ýurduna görä tapawutly boljakdygy habar berildi. Awstraliýada ulularyň 80 göterimine iki doza sanjym etmek meýilnamasy tamamlanyp barýar. Ýurtduň ilatynyň 74 göterimi azyndan bir doza, 62 göterimi bolsa iki doza sanjym alypdyr. Awstraliýa Geçen ýylyň 20-nji martynda koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek üçin dünýäniň iň berk serhet çäklendirmelerini girizipdi.