Şwesiýanyň «Jetson Aero» hem-de Hytaýyň «HT Aero» golaýda iki sany uçýan awtoulagy köpçülige görkezipdi. Daşky gurşawa zyýansyz bolmagy bilen tapawutlanýan şeýle ulaglaryň şäherlerdäki käbir meseleleri aradan aýyrjakdygy bellenilýär. «Jetson One» atly ulagyň bahasynyň 92 müň dollardygy we geljek ýyldan başlap, müşderilere ýetiriljekdigi mälim edildi. Dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän bu ulag dikligine ýokary göterilip hem-de gonup bilýär. Kompaniýanyň esaslandyryjysy Peter Ternstrom «Jetson One» ulagynyň hemmäni uçarman etjekdigini aýtdy.
Ýeňil materiallardan ýasalan awtoulagyň agramy bary-ýogy 86 kilogram bolup, kuwwaty 118 at güýjüne barabar. Ulagyň sagatdaky tizligi 101 kilometre ýetýär. Bu ulagdan häzirki wagtda 12 sanysy öndürilipdir. Eýýäm onuň 9 sanysy satylypdyr. «Jetson One» 20 minut uçup bilýär. Bu ulag aşa ýeňil howa ulagy hasaplanýar.
Ýerde we howada hereket edýän «HT Aero» bolsa 2024-nji ýyldan başlap, satuwa çykarylar. «Xpilot 4.0» atly ulagy adaty ýollarda hem sürüp boljakdygy mälim edildi. Ulagyň satuwa çykaryljak nusgasynyň dizaýnynyň azda-kände tapawutly bolup biljekdigi mälim edildi. Ulag ýerde sürlen wagty päsgelçilik döretmezligi üçin perleri eplenýär. Berlen maglumatlara görä, ulag uçan wagty howpsuz bolup, garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykanda ulanmak üçin paraşýut hem göz öňünde tutulypdyr.
Uçýan ulaglar öndürilen hem bolsa, entek şeýle ulaglaryň ýol hereketine goşulmagy üçin kanunçylygyň we düzgünleriň üýtgedilmegi gerek.
Çary Çaryýew,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.