Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly halkara maslahaty öz işine başlady. Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda geçirilýän halkara foruma dünýäniň ençeme ýurdundan bilermenler, iri halkara nebitgaz guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna degişli edaralardyr kärhanalaryň işgärleri gatnaşýarlar. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy “GaffneyCline” britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde «Turkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda geçirilýän foruma ýerli we daşary ýurtly habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem çagyryldy. Forum şahsy hem-de onlaýn tertipde geçirilýär. Halkara forum geçen ýyl hem şeýle tertipde guralyp, oňa daşary ýurtly köp sanly kompaniýalaryň wekilleri gatnaşypdy.
Forum Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara maslahatynyň gatnaşyjylaryna iberen Gutlag hatynyň okalmagy bilen başlady. Milli Liderimiziň Gutlag hatynda hususan-da şeýle sözler bar: “Türkmenistan dünýäde energiýa serişdelerini köp möçberde iberýän döwletleriň biri bolmak bilen, bu serişdeleri daşary ýurtlara ibermegiň durnukly halkara ulgamlaryny döretmegiň tarapdarydyr. Eksport etmegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ösen köpugurly turba geçirijiler ulgamyny döretmek Garaşsyz döwletimiziň energetika syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugry bolup durýar”.
Halkara forumyň çäklerinde birnäçe mejlisler geçirilýär. Onuň ilkinji mejlisinde “Ählumumy energiýa ulgamynyň geljegi” ady bilen geçirildi. Bu mejlisde Aziýanyň Ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň hemişelik wekili Çang Çin Ýu alyp baryjy boldy. Mejlisiň dowamynda döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçysy B.Amanow, Hytaýyň “CNPC” kompaniýasynyň başlygy Hou Siszýun, Nebiti ekport ediji ýurtlaryň guramasynyň (OPEС) baş sekretary Mohammed S.Barkindo, Ýewropa energiýa hartiýasynyň sekretariatynyň baş sekretary Urban Rusnak, Global gaz merkeziniň ýolbaşçysy Rene Baus, Halkara energetika agentliginiň energetika boýunça baş ykdysadyýetçisi Tim Guld, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik wekili Dmitriý Şlapaçenko, “SOCAR Trading S.A.” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Marýam Almaszade çykyş etdiler.
Foruma halkara guramalaryň we kompaniýalaryň wekilleri onlaýn tertipde gatnaşyp, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler. Nebiti eksport ediji ýurtlar guramasynyň baş sekretary M.Barkindo ilkinji gezek şeýle foruma gatnaşýandygyny we Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny belledi.
Ýewropa energiýa hartiýasynyň sekretariatynyň baş sekretary Urban Rusnak bolsa öz wideoýüzlenmesinde ählumumy energiýa ulgamyny ösdürmegiň zerur ugurlarynyň biriniň maýa goýum bolup durýandygyny belledi.
Konferensiýanyň 4-nji mejlisinde “Dubaý EKSPO – 2020” Bütindünýä sergisi bilen teleköpri arkaly göni aragatnaşyk ýola goýlar. Bu mejlis “Tebigy gaz we alternatiw energiýa çeşmeleri – pes uglerodly geljege geçişde esasy çeşmeler” ady bilen geçiriler. Mejlis Aşgabatdaky konferensiýa meýdançasynda we Türkmenistanyň “Dubaý EKSPO – 2020” sergi pawilionynda birwagtda geçiriler.
Maslahatyň dowamynda energetikanyň geljegi, iri sebitleýin taslamalaryň amala aşyrylyşy, şol sanda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy, täze gaz-himiýa taslamalarynyň geljekki mümkinçilikleri, gury ýerde we deňizde maýa goýum mümkinçiliklerine syn, ýangyç-energetika ulgamynyň ösüşiniň ählumumy ösüş dessurlary, dünýäde iň iri Galkynyş gaz känini özleşdirmek mümkinçilikleri, arassa energiýa geçmekde tebigy gazyň orny ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň barşynda tejribe alyşmak hem-de gatnaşyjylary Türkmenistanyň nebitgaz ulgamynda amala aşyrylýan esasy taslamalaryň ýagdaýy bilen tanyşdyrmak üçin prezentasiýalar we panel mejlisler görkezildi.
Maslahat dürli ugurlar boýunça bäş mejlisde dowam eder.
Iki günläp dowam edýän ýokary derejeli maslahat göni wideoaragatnaşyk arkaly dünýäniň 100-e golaý öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň, iri halkara guramalarynyň we 32 sany döwletden bank wekilleri hem gatnaşýarlar.
Maslahatyň çäklerinde birnäçe resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar.