Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmagyň binýadynda durnukly ösüşi gazanmak, jemgyýetimiziň we döwletimiziň esasy gymmatlygy bolan adamyň ýaşaýyş-durmuş derejesini halkara standartlarynyň derejesine çykarmak, halkymyzyň milli aýratynlyklaryny nazara alyp dünýä tejribesiniň iň oňat gazananlaryny ornaşdyrmak döwlet we milli maksatnamalarda ileri tutulýan wezipeler hökmünde kesgitlenilýär.
2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda kabul edilen, «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» milli ykdysadyýetimiziň hil taýdan ösüşiniň täze başlangyjy bolup durýar. Sanlylaşdyrmak durmuşyň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeleriň bolup geçmegine täsir edýär. Tehnologiýanyň iň soňky gazananlary bolsa diňe bir ykdysadyýetiň täze pudaklarynyň döremegine itergi bermek bilen çäklenmän, möhüm durmuş ähmiýetine eýe bolup, jemgyýetiň wajyp meseleleriniň çözülmegine ýardam berýär. Bu meselelere ilatyň sowatlylygynyň derejesi, maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýeňilleşmegi, daş-töweregi goramak bilen bagly wezipeleriň üstünlikli çözülmegi we beýlekiler degişlidir. Esasy ýetilen sepgitleriň biri bolsa, «adamyň zerurlyklaryny» kanagatlandyrmaga gönükdirilen täze gymmatlyklaryň döremegidir. Şonuň bilen birlikde, sanlylaşdyrmak söwda, iş bilen üpjünçilik, ylym-bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň üýtgemegine hem täsir edýär.
Sanly ykdysadyýetiň esasyny emele getirýän maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary biziň gündelik durmuşymyza giňden ornaşdy. Häzirki wagtda, Durnukly ösüşi üpjün etmekde ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň düzüminde bu ulgamyň paýy barha artýar. Bu hem milli ykdysadyýetde durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň dünýäniň ösüş meýilleri bilen kybapdaşdygyny aýdyň görkezýär. Dünýä döwletleriniň bu ugurdaky öňdebaryjy tejribelerini we maglumatlary seljermek bilen, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň, ýurtlaryň jemi içerki önüminde tutýan paýynyň barha ýokarlanýandygyny bellemek bolar. Bu ugra degişli iň ýokary görkeziji 12 göterime deň bolup, bu görkeziji Irlandiýa Respublikasyna degişlidir.
Elektron söwdanyň ösüş meýilleri seljerilende dünýä ilatynyň internete, esasan, ykjam telefonlaryň üsti bilen girýändigini nazara alyp, kompaniýalaryň aglabasynyň bu ugurdaky söwda amallaryny sarp edijiler üçin has-da ýeňilleşdirmek maksady bilen, «söwda ýerlerini» «Aliexpress», «EBay», «Amazon», «Banggoong» ýaly internet platformalaryna geçirýändiklerini görmek bolýar.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» «Internet-banking», «Mobil-banking» ulgamlarynyň üsti bilen halkymyzyň bank kart hasaby boýunça amala aşyryp biljek amallarynyň sanawyny giňeltmek kesgitlenildi. Ýurdumyzyň banklarynda müşderilere hödürlenilýän menzilara bank hyzmatlaryny döwrebap maglumat howpsuzlyk tehnologiýalaryny ulanmak arkaly has-da kämilleşdirmek boýunça işler giň gerimde alnyp barlar. Banklar tarapyndan «Internet-banking» ulgamynyň mümkinçiliklerini öz müşderileri bolan edara görnüşli taraplara, hususy telekeçilere we raýatlara hödürlemek maksady bilen, müşderileriň bank hasaplaryny karz edarasyna barmazdan, menzilara dolandyrmak, ýagny internet ulgamynyň üsti bilen töleglerini giňeltmek ugrunda degişli işler geçirilýär.
Şeýle hem, elektron söwda ulgamyny ösdürmek, söwda we hyzmatlar amala aşyrylan mahaly hasaplaşyklaryň dürli görnüşleriniň, şol sanda telefon, internet ulgamlarynyň üsti bilen hasaplaşyklary geçirmegi ýola goýmak boýunça işleri amala aşyrmak hem ileri tutulýan wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Elektron söwdanyň ösmegi, ýurduň içerki önümçilik bazarynyň ösmegi üçin amatly şertleri döretmek bilen çäklenmän, söwda ulgamynda umumy işewürlik we bäsdeşlik gurşawynyň gowulanmagyna hem täsir edýär.
Ýurtda sanly ykdysadyýetiň işjeň ornaşdyrylýan, ösdürilýän şertlerinde adam resurslarynyň intellektual derejesiniň ähmiýetliligi has-da ýokarlanýar. Kärhanalaryň öz işgärlerine bildirýän talaplary hem ýokarlanýar. Şol sebäpli işgärleriň sanly ykdysadyýet şertlerine mahsus bolan talaplary, ýagny bazaryň çalt üýtgeýän şertlerine uýgunlaşmak başarnygy, maglumat tehnologiýalary boýunça bilim, hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ýokary zähmet öndürijiligini gazanmak ýaly talaplary berjaý etmäge taýýarlykly bolmagy zerurdyr.
Döwran ÝAZDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.