Azyk­lyk, kos­me­ti­ka we önüm­çi­li­giň beý­le­ki pu­dak­la­ryn­da ulan­mak üçin dür­li ýag­lar­dan peý­da­la­nyl­ýar. Iň köp ula­nyl­ýan ýag bol­sa, esa­san, ösüm­lik­ler­den alyn­ýar. Ösüm­lik ýa­gy bir ýyl­lyk ekin­ler­den, köp ýyl­lyk mi­we­li agaç­lar­dan we ir-iý­miş­ler­den alyn­ýar. Do­ly or­ga­ni­ki bo­lan ösüm­lik ýa­gyn­da ug­le­wod­lar we ho­les­te­rin bol­ma­ýar. Ýer ýü­zün­de ösüm­lik­le­riň on­lar­ça gör­nü­şi­niň ýa­gy alyn­ýar. Kä­bir ekin­ler di­ňe ýa­gy alyn­mak üçin ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän bol­sa, kä­bir mi­we­dir gök önüm­ler­den ikin­ji ýa-da üçün­ji önüm hök­mün­de ýag alyn­ýar. Azyk­lyk ýag hök­mün­de gü­ne­ba­kar, pag­ta, mek­ge­jö­wen, ara­his, kün­ji, pal­ma, zeý­tun ýa­gy has köp peý­da­la­nyl­ýar. Bu­lar­dan baş­ga-da, ajy ba­dam, awo­ka­do, ko­kos, ka­kao, reý­han, bä­gül, zy­gyr ýa­ly bir­nä­çe ösüm­lik­den hem ýag alyn­ýar. Kä­diden, ga­wun­dyr gar­py­zyň çi­gi­din­den hem ýag alyn­ýar. Ösüm­lik ýa­gy­ny al­mak üçin toprak ho­wa şert­le­ri­ne gö­rä ekin ekil­ýär. My­sal üçin, gü­ne­ba­kar has yga­lly ýer­ler­de ekil­ýän bol­sa, pal­ma tro­pi­ki ho­wa­ly ýer­ler­de ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Eý­sem, haý­sy ýa­gyň nä­hi­li aý­ra­tyn­ly­gy barka?
Gü­ne­ba­kar. Bu ösüm­li­giň çi­gi­di­niň 39-45%-i ýag bol­ýar. Gü­ne­ba­ka­ryň bir­nä­çe gör­nü­şi bo­lup, onuň çi­gi­di ir-iý­miş hök­mün­de hem peý­da­la­nyl­ýar. Ýag al­mak üçin bol­sa ýö­ri­te to­hum­la­ry bol­ýar. Gü­ne­ba­kar ýa­gy mar­ga­rin önüm­çi­li­gin­de hem ula­nyl­ýar. Açyk sa­ry reňk­li gü­ne­ba­kar ýa­gyn­da 15% doý­gun we 85% doý­ma­dyk ýag kis­lo­ta­la­ry bol­ýar.
Zeý­tun. Pal­ma­nyň bir gör­nü­şi ha­sap­lan­ýan zeý­tun ys­sy ýurt­lar­da ös­ýär. Zeý­tu­nyň mi­we­sin­den alyn­ýan ýag ýa­şyl, sa­ry reňk­de bo­lup, öz­bo­luş­ly ysy we ta­ga­my bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri azyk­lyk hök­mün­de peý­da­la­nyl­ýan zeý­tun ýa­gy ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri sa­byn önüm­çi­li­gin­de peý­da­la­nyl­ýar. Zeý­tun ýa­gy sag­lyk üçin iň peý­da­ly­sy ha­sap­lan­ýar. Ýa­gyň bu gör­nü­şi kos­me­ti­ka­da hem giň­den peý­da­la­nyl­ýar.
Pag­ta. Go­wa­ça­nyň çi­gi­din­den ýag­dan baş­ga-da mal üçin iým alyn­ýar. Pag­ta ýa­gy go­ýy gy­zyl, go­ňur reňk­li bo­lup, öz­bo­luş­ly ta­ga­my we ysy bol­ýar. Iý­mit­lik ýag hök­mün­de ula­nyl­ýan ýag mar­ga­rin ön­dür­mek­de hem ula­nyl­ýar. Pag­ta ýa­gy­nyň dü­zü­min­de pal­mit kis­lo­ta­sy­nyň ýo­ka­ry muk­da­ry sak­lan­ýar.
Mek­ge­jö­wen. Bu ösüm­lik­den alyn­ýan ýa­gyň dü­zü­min­de 12% be­lok bolup, gü­ne­ba­kar we zeý­tun ýa­gyn­dan soň iň köp ula­nyl­ýan ýag­dyr.
So­ýa. Bu ösüm­lik­den azyk önüm­le­ri­niň dür­li gör­nü­şi, şol san­da ýag hem alyn­ýar. Bu ýag, esa­san, Bra­zi­li­ýa­da, Ame­ri­ka­da, Ýa­po­ni­ýa­da we Hy­taý­da köp ulanylýar.
Pal­ma. Ösüm­lik ýa­gy, esa­san, bir­ýyl­lyk ekin­ler­den alyn­ýan hem bol­sa, zeý­tun, ba­dam, pal­ma ýa­ly agaç­la­ryň mi­we­le­rin­den hem alyn­ýar. Pal­ma ýa­gy azyk önüm­le­rin­de, şeý­le hem ma­şyn ýa­gy hök­mün­de we bio­di­zel önüm­çi­li­gin­de ula­nyl­ýar. Ada­ty ýan­gy­ja ösüm­lik ýa­gy, ýag­ny bio­ýan­gyç ga­ry­lan­da, ol ada­ty ýan­gyç­dan has aras­sa bol­ýar. Şol se­bäp­li dün­ýä­niň kä­bir ýur­dun­da aw­to­ben­zin­le­re bel­li bir muk­dar­da ösüm­lik ýa­gy go­şul­ýar.

Kos­me­ti­ka se­riş­de­si
hök­mün­de ulanylýan ýag
Ýag di­ňe azyk­lyk hök­mün­de däl, kos­me­ti­ka se­riş­de­si hök­mün­de hem peý­da­la­nyl­ýar. Ýa­gyň kos­me­ti­ka se­riş­de­si hök­mün­de ula­nyl­ma­gy üçin onuň hök­man se­na­gat taý­dan gaý­ta­dan iş­le­nen taý­ýar önüm bol­ma­gy­na ze­rur­lyk ýok. Gün­de­lik dur­muş­da de­ri­ni nem­len­dir­mek üçin, so­wuk ze­rar­ly çat açan de­ri­ni ýum­şat­mak üçin hem ýag­dan peý­da­la­nyl­ýar. De­ri­ni jan­lan­dyr­mak, wi­ta­min­ler bi­len üp­jün et­mek üçin hozuň ýa­gyn­dan taý­ýar­la­nan te­bi­gy çal­gy­lar mas­la­hat be­ril­ýär. Nar­pyz we ar­ça ýa­gy bi­len de­ri­ni ow­ka­la­mak gan aý­la­ny­şy­gyny çalt­lan­dyr­ýan bol­sa, jo­jo­ba ýa­gy sa­çyň kök­le­ri­ne çal­nan­da sa­çyň has çalt ös­me­gi­ni we sag­dyn bol­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär. Bu­lar­dan baş­ga-da, bug­daý, pih­ta we çaý aga­jy ýa­ly ösüm­lik­le­riň ýag­la­ry hem de­rä ideg et­mek üçin peý­da­ly­dyr.
Ösüm­lik ýa­gy­ny de­rä çal­maz­dan ozal de­ri­niň gu­rak we aras­sa bol­ma­gy mö­hüm­dir! Mun­dan baş­ga-da, de­ri üçin peý­da­ly ösüm­lik ýag­la­ry­ny ga­ryş­dyr­mak tä­sir­li bo­lup bi­ler. Ösüm­lik ýag­la­ry ideg hök­mün­de ow­ka­la­mak ar­ka­ly ula­nyl­ýar. Iň azyn­dan 2-3 mi­nut ow­ka­la­mak bi­len siň­di­ril­ýän, de­ri­niň dar­tyl­ma­gy­nyň öňü­ni al­ýan we gan aý­la­ny­şy­gyny çalt­lan­dyr­ýan te­bi­gy ýag­laryň kä­bir gör­nüş­le­ri­ni de­ri­de 10 mi­nut goý­mak mas­la­hat be­ril­ýär.
Ösüm­lik ýa­gy uzak wagt­lap sak­la­nan­da dü­zü­min­dä­ki iş­jeň mad­da­lar tä­sir­li­li­gi­ni ýi­ti­rip bi­ler. Şeý­le ýag­la­ry ga­raň­ky we çyg­ly­lyk bol­ma­dyk ýer­ler­de, aý­na çüý­şe­de 18-20 de­re­je­de sak­la­mak mas­la­hat be­ril­ýär. Önüm­çi­lik şert­le­ri­ne gö­rä ösüm­lik ýag­la­ry­nyň sak­la­nyş möh­le­ti adat­ça 2 ýyl. Şeý­le-de bol­sa bu möhlet äh­li ösüm­lik ýag­la­ry­na de­giş­li däl­dir. Sebäbi ýy­ly ýer­de du­ran we içi­ne baş­ga ýag go­şulan ýag çalt za­ýa­lan­ýar.