Her ýylyň 31-nji oktýabrynda halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni parahatçylyk meselelerine çekmek üçin Bütindünýä şäherler güni bellenilýär. Halkara güni 2014-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň karary bilen esaslandyrylyp, şol ýyldan bäri bellenilýär.

Maglumatlara görä dünýäniň ilatynyň ýarysyndan gowragy şäherlerde ýaşaýar. Ilatyň şäherde ýaşamagynyň artmagy netijesinde, 2050-nji ýylda dünýäniň ýaşaýjylarynyň 70%-ne golaýy şäherli bolar. Şäherler bilen bagly Bütindünýä syýahatçylyk şäherleri federasiýasy hereket edip, ol 2012-nji ýylda esaslandyrylýar. 2020-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabat hem federasiýanyň düzümine kabul edilýär. Bütindünýä syýahatçylyk şäherleri federasiýasynyň ştab-kwartirasy Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde ýerleşýär. Birleşen Milletler Guramasynyň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlarynyň 11-njisi “Durnukly şäherler we ilatly ýerler” diýlip atlandyrylýar.

Bütindünýä şäherler güni her ýylda aýratyn şygar astynda bellenilýär. Şeýle-de bu halkara gününde ýygnaklar, forumlar geçirilýär.

 

Aýlar ATAJYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.