Italiýanyň Peççoli şäherinde 10-njy gezek geçirilen oba hojalyk festiwalynda “Campionato della Zuccone” dünýäniň iň uly kädi rekordy goýuldy. Italiýanyň Toskana şäheriniň Radda-in-Kýanti kommunasyndan Stefano Kutrupiniň ösdürip ýetişdiren kädisiniň agramy 1226 kilograma barabar boldy. Kutrupi 2008-nji ýyldan bäri dürli ululykdaky kädileri ösdürip ýetişdirýär. Ägirt uly kädiniň Atlantik ägirtleri sortuna degişlidigi mälim edildi. Daýhan kädiniň bu sortunyň tohumyny mart aýynda ekipdir, iýul aýynda onuň çendenaşa uludygyna göz ýetiripdir. Daýhan ýaşaýan ýerinde tomus paslynda howanyň yssy bolýandygyny, maý aýyndan başlap, Gün şöhleleriniň kädi ýapraklaryny gyzdyryp başlaýandygyny aýdýar. Şeýlelikde, onuň ýetişdiren kädisi dünýä rekordyny täzeledi. Kutrupi alan hasylyny festiwaldan öň ölçäp görmän eken. Şonuň üçin Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna adyny ýazdyrmak onuň üçin garaşylmadyk täzelik boldy. Kädiniň agramy ortaça sedan ulagynyňky bilen deňeçerdir.
Festiwalda ikinji we üçünji orunlary degişlilikde 978,99 we 794,51 kilogram agramdaky kädileri ösdürip ýetişdiren daýhanlar eýeledi.
Mundan ozalky rekord belgiýaly Mattias Willemeýnsa degişli bolup, ol 2016-njy ýylda 1190,49 kilogram agramynda kädi ýetişdiripdi.