Şotlandiýanyň Glazgo şäherinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreş baradaky çarçuwaly konwensiýasynyň (COP26) maslahatynda çykyş eden Hindistanyň hökümet başlygy Narenda Modi ýurtda “uglerod bitaraplygyna” geçiliş tapgyrlary barada maglumat berdi. Hökümet başlygy 2030-njy ýyla arassa çeşmelerden alnan energiýanyň mukdarynyň 500 GW-a ýetirmegi maksat edinýändiklerini aýtdy. Bu görkeziji ýurduň sarp edýän energiýasynyň 50 göterimini emele getirýär. Şeýlelikde 2030-njy ýyla çenli howa iberilýän zyýanly gazlaryň mukdary 1 milliard tonna azaldylar. Ýurduň “uglerod bitaraplygyna” geçmegi 2070-nji ýylda göz öňünde tutulýar.
“Uglerod bitaraplygy” adamyň alyp barýan işleri sebäpli atmosfera goýberilýän kömürturşy, metan, azot ýaly gazlaryň Ýer ýüzünde tebigy ýagdaýda sorulyp alynýan gazlaryň mukdary bilen deňagramlylygynyň ýola goýulmagyny aňladýar. Ýagny ekoulgam howa iberilýän gazyň mukdary ýaly gazy özüne çekmeli. “Sap nol emissiýasy” hem diýilýän bu adalga ilkinji gezek 2015-nji ýylda gol çekilen Pariž Ylalaşygynda ulanyldy.