2021-nji ýylyň 30-31-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Owganystanda iş saparda boldy.

Kabul şäherine bolan saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanyň ýokary derejeli döwlet wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi.

Hususan hem, Wise-premýer, Daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanyň Hökümetiniň başlygy Mohammad Hasan Ahund bilen duşuşdy.

R.Meredow türkmen tarapynyň Owganystanyň täze döwlet edaralary bilen konstruktiw dialoga we ysnyşykly işleşmäge taýýardygyny nygtamak bilen, Türkmenistanyň Owganystanyň syýasy durnuklylygyna hem-de howpsuzlygyna, owgan halkynyň abadançylygyna we jebisligine, bar bolan gapma-garşylyklaryň diňe parahatçylykly ýollar bilen, syýasy-diplomatik serişdeleriň ulanylmagy arkaly kadalaşdyrylmagyna aýratyn gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Taraplar derwaýys ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagynyň depgininiň işjeňleşdirilmegine aýratyn üns berdiler. Bu ugurda iki ýurduň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň hem-de Türkmenistandan Owganystanyň birnäçe welaýatlaryna demir ýollaryň gurluşygynyň has hem ilerledilmegine taýýardyklary beýan edildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Owganystanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Abdul Salam Hanafiniň ýolbaşçylygynda geçirilen ykdysady meseleler boýunça duşuşyga Owganystanyň Ykdysadyýet, Maliýe, Jemgyýetçilik işleri, Dag we magdan, Energetika we suw serişdeleri, Aragatnaşyk, Senagat we söwda, Maglumat we medeniýet boýunça ministrleri, şeýle-de “Da Afghanistan Brishna Sherkat” kompaniýasynyň ýolbaşçysy gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň syýasy-ykdysady ulgamdaky özara hereketleriniň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan hem, bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň depgininiň işjeňleşdirilmegi, olaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, şeýle-de dürli derejelerdäki ikitaraplaýyn duşuşyklaryň ýygjamlaşdyrylmagy arkaly iki ýurduň resmi we işewürlik düzümleriniň özara hereketleriniň giňeldilmegine aýratyn üns berildi.

Owganystanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary: «Biz iki ýurduň arasyndaky milli taslamalaryň mümkin bolan ýakyn wagtda işe girizilmegini ileri tutýarys, çünki olaryň durmuşa geçirilmegi üçin zerur bolan şertler, şol sanda howpsuzlyk talaplary hem döredildi», – diýip belläp geçdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Amir Han Muttaki bilen geçirilen gepleşikleriniň barşynda syýasy-diplomatik hem-de ynsanperwerlik ulgamyndaky ikitaraplaýyn gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Türkmen tarapy Owganystanyň hökümet wekiliýetini Türkmenistana sapar bilen gelmäge çakylygyny beýan etdi.

Raşid Meredowyň hem-de Molla Muhammad Ýakubyň ýolbaşçylygynda geçirilen howpsuzlyk meseleleri boýunça türkmen-owgan duşuşygyna Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary bilen birlikde Owganystanyň goranmak, içeri işler ministrleri, milli howpsuzlyk hem-de serhet müdirlikleriniň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda serhetýaka özara hereketleriniň giňeldilmegi bilen, howpsuzlygyň hem-de durnuklylygyň üpjün edilmegi we has hem pugtalandyrylmagy ugrundaky tagallalaryň dowam edilmeginiň zerurlygy bellenilip geçildi. Şunlukda, owgan tarapy umumy dostlukly serhediň, şol sanda bilelikdäki ykdysady taslamalaryň ählisiniň howpsuzlygynyň üpjün ediljekdigini beýan etdi.

Molla Ýakub: «Biz iki ýurduň arasyndaky infrastruktura hem-de ykdysady taslamalaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi üçin tagallalarymyzy gaýgyrmarys», – diýip tassyklady.

Gepleşikleriň jemleri boýunça Daşary işler ministrleri R.Meredowyň hem-de A.Muttakiniň metbugat-maslahaty geçirildi. Nobatdaky duşuşyklaryň oňyn hem-de işjeň häsiýetini nygtamak bilen, DIM-leriniň ýolbaşçylary derwaýys ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň has hem giňeldilmegine gönükdirilen türkmen-owgan gepleşikleriniň netijelerini jemlediler.