Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekilçilikli topary BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça her ýyl geçirilýän maslahatyna gatnaşýar. Bu ählumumy çäre Beýik Britaniýanyň Glazgo şäherinde geçirilýär.

BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň — möhüm halkara forumyň 26-njy mejlisinde tutuş dünýäden döwlet we Hökümet baştutanlary duşuşyp, howanyň ählumumy maýlamagyna garşy durmak boýunça bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşarlar hem-de özara hereketleri ylalaşarlar.

Soňky onýyllyklaryň dowamynda howanyň üýtgemegi hem-de onuň daşky gurşawa, ykdysadyýete we jemgyýete ýetirýän ýaramaz täsirleri häzirki zamanyň örän möhüm ählumumy meseleleriniň birine öwrüldi.

Ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň ählumumy foruma gatnaşmagy Türkmenistanyň bu meselä örän jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň, adamzat üçin örän çynlakaý wehime garşy durmak üçin umumy, ylalaşykly çäreleriň kabul edilmeginiň derwaýysdygyna göz ýetirýändiginiň subutnamasydyr.

Biziň ýurdumyz örän wajyp ekologik ähmiýetli halkara hukuk namalary bolan hem-de atmosferada bugly gazlaryň toplanylmagynyň durnuklylaşdyrylmagyna we dünýäniň klimatynyň antropogen täsiriniň peseldilmegine gönükdirilen Howanyň üýtgemegi baradaky BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasyny, Kiota teswirnamasyny hem-de Pariž ylalaşygyny tassyklamak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýär.

Serişde tygşytlaýjy, innowasiýa ugurly “ýaşyl” milli ykdysadyýetiň kemala getirilmeginde senagat pudagynda işjeň ornaşdyrylýan häzirki zaman tehnologiýalary, howany hapalaýan maddalaryň zyňyndylaryna seljermäniň hem-de gözegçiligiň netijeli ulgamy bug gazlarynyň zyňyndylarynyň çäklendirilmegine gönüden-göni ýardam berer. Şeýle hem döwrüň we umumy ykrar edilen halkara kadalaryň talaplaryna laýyklykda, milli kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär.

Bu gün siwilizasiýanyň geljegi bilen gönüden-göni baglanyşykly ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri tutuş dünýäde üns merkezinde saklanýar hem-de Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary we Diýarymyzda bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli çäreler tutuş dünýäde barha giň goldawa eýe bolýar.