Germaniýanyň Bundestagyna (Parlament) geçirilen soňky saýlawlarda ýeňiş gazanan Germaniýanyň Sosial-demokratik partiýasy (SPD) dekabr aýynyň ortalaryna çenli Erkin Demokratik partiýasy (FDP) we «Soýuz-90 ýaşyllar» partiýasy bilen bileleşik düzenden soň hökümet gurarlar.
Ýurduň täze Kansleri Olaf Şols bolar. Onuň resmi taýdan 6-njy dekabrda saýlanjakdygy barada Germaniýanyň habar beriş serişdeleri mälim edýärler. Häzirki wagtda Sosial-demokratlar hökümetiň hyzmatdaşlary bolup, täze hökümet gurulýança häzirki Ministrler Kabineti öz borçlaryny ýerine ýetirmegini dowam etdirer. Germaniýanyň Kansleri Angela Merkel täze Parlament tarapyndan indiki hökümet başlygy boljak Olaf Şols tassyklanandan soň wezipesinden çekiler.
Häzirki wagtda syýasy hünärmenler bilelikdäki hökümet maksatnamasynyň üstünde işleýärler. Bileleşigiň aýry-aýry agzalary 10-njy noýabra çenli belli ugurlar boýunça resminamalaryň taslamasyny ara alyp maslahatlaşarlar. Gepleşik topary tarapyndan belli bir ylalaşyk gazanylansoň, noýabr aýynyň ahyryna çenli bileleşigiň şertnamasy hödürlener.
Ozal habar berlişi ýaly, 26-njy sentýabrda Germaniýada geçirilen Parlament saýlawlarynda Sosial-demokratik partiýasy (SPD) 25,7% ses alyp, ýeňiş gazandy. Bu saýlawlarda Sosial-demokratlaryň esasy bäsdeşi Hristian demokratik bileleşigi we Hristian sosial bileleşigi (CDU/CSU) sesleriň 24,1 %-ine eýe boldy.