Türkiýäniň Deňizli welaýatynyň çäklerindäki «Pamukkale» (Pamyk gala) dünýäniň iň täsin tebigy ýerleriniň biridir. Günüň dogýan we ýaşýan pursatlarynyň has owadan görünýändigi, aňsatlyk bilen baryp bolýandygy üçin bu ýere jahankeşdeler has köp barýarlar. Depäniň gerişlerinde ýerleşen täsin basgançaklar ýeriň aşagyndan syzylyp çykýan karbonatly mineral suwuň kislorod bilen galtaşmagy netijesinde emele gelipdir. Ýagny, ýerden çykan suw aşaklygyna akyp gidende düzümindäki mineral maddalar çökündi bolup galypdyr. Ýyllaryň dowamynda akan suw depäniň gerşini ak gatlak bilen örtüpdir. Yzygiderli akýan suw bölek-bölek howuzlary hem emele getiripdir. Şeýlelikde, ak reňkli trawertinleriň doňan şaglawuk ýaly bolup görünmegine sebäp bolýar. Trawertin mineral çeşmeleriň, esasan hem, gyzgyn çeşmeleriň toplanmagy netijesinde ýüze çykýan ýerüsti hek daşynyň bir görnüşidir. Ol köplenç süýümli ýa-da garyşyk görnüşli, ak, süýt reňkli bolup, Italiýada we başga ýerlerde gurluşyk materialy hökmünde hem ulanylýar.
Pamyk galanyň golaýynda Gadymy Iýerapolis şäheriniň galyndylary hem ýerleşýär. Bu şäher iki müň ýyl ozal Pergamon patyşalygy döwründe esaslandyrylypdyr. Şol döwürde sebit şypahana merkezi bolup hyzmat edipdir. Bu ýere Anadolynyň dürli künjeklerinden saglygyny dikeltmäge we özüne serenjam bermäge millionlarça syýahatçy gelipdir. Bu ýeriň şypahanalary häzirki wagtda hem meşhurdyr. Gadymy Iýerapolis şäheriniň ýadygärlikleri gaty gowy goralyp, köp sanly binasy häzirki güne çenli saklanyp galypdyr. Bu ýerde gurlan ýyly suwly Rim hammamy arheologiýa muzeýi hökmünde ulanylýar. Bu hammam şol döwürler meşhur şypahanalaryň biri bolupdyr. Muzeýiň myhmanlary Iýerapolisde we onuň töwereginde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan heýkelleri we beýleki taryhy eserleri görüp bilýärler. Gadymy teatr, ybadathanalar, monumental suw çüwdürimleri, agora we gimnaziýa ýaly binalaryň durky örän gowy ýagdaýda saklanypdyr. Şol sebäpli bu ýere gelýän myhmanlar özlerini 2 müň ýyl ozalky şäherde ýaly duýýarlar. Şäheriň döreýşi barada birnäçe taryhy maglumatlar bar. Iýerapolis miladydan öňki II asyryň başynda Selewkidler imperiýasynyň çäginde ýyly suwly hammam hökmünde döredilipdir. Ýerli lukmanlar bu ýerde tebigy çeşmelerden akýan ýyly suw bilen hassalary bejerip, saglygy dikeldiş-bejeriş merkezini döredipdirler.
«Pamukkale»-niň özüne mahsus reňkini ýitirmezligi we durkuny saklamagy üçin onuň diňe käbir ýerlerine aýlanmaga, belli howuzlarynda suwa düşmäge rugsat berilýär. Bu ýerde has uzak wagt bejergi almak isleýän adamlar üçin gadymy şäheriň golaýynda ýerasty ýyly suwly şypahana hereket edýär. Şypahanada jahankeşdeleriň syýahatçylyk ýerlerine gezelenç etmegi üçin mümkinçilik döredilip, massaž, SPA merkezleri we palçykly emeli hammamlar bar.
«Pamukkale» Egeý sebitinde ýerleşýändigi sebäpli kontinental howasy bar. Tomusda yssy, gyşda bolsa ýagynly we sowuk bolýar. Gyşda ortaça temperatura 5-7°C arasynda, tomusda ortaça temperatura 25°C töweregi maýyl bolýar.
Bu ýere barýanlar diňe bir bu gala gezelenç etmek bilen çäklenmän, eýsem, olar örän giň meýdana ýaýran gadymy şäher diwarlary, hammam toplumy, Apollon ybadathanasy, amfiteatr ýaly ýerlere hem baryp görýärler. Anadolydaky ýedi mukaddes ybadathananyň biriniň ýerleşýän gadymy Laodiki şäheri hem bu ýerden gaty uzakda däl. Ýeri gelende bellesek, «Pamukkale»-den 5 kilometr çemesi uzaklykda gyzyl suwuň gyzgyn çeşmesi hem bar.
«Pamukkale» trawertin sebiti 1988-nji ýylda Iýerapolis şäheri bilen bilelikde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna goşuldy.
Bu ýerde 35°C-dan 100°C aralygynda gyzgyn çeşmeleriň 17-si bar. Çeşmeden çykýan suw trawertin teraslarynyň başyna – 320 metr beýiklige çenli ýetip, onuň ini 24 metre, uzynlygy 60-70 metre barabar. Bu suw kalsiý karbonatyny ýüze çykarýar. Suw ýeriň ýüzüne çykanda ondan uglerod dioksidi, gazlar we kalsiý karbonaty çökündi görnüşinde galýar.