Ýer ýü­zü­niň ge­og­ra­fik şert­le­rine gö­rä dür­li ösüm­lik dün­ýä­si bar. Gu­rak ýer­ler­de we be­ýik dag ge­riş­le­rin­de pür­li ösüm­lik­ler bit­ýän bol­sa, köp ýa­gyş ýag­ýan ýer­ler­de ýap­rak­ly agaç­lar has köp ga­bat gel­ýär. De­ňiz ke­nar­la­ryn­daky wag­tal-wag­tal suw bas­ýan ýer­ler­de bol­sa, mang­row to­kaý­la­ry­na ga­bat ge­lin­ýär. Bu to­kaý­lar agaç­lar­dan we gy­rym­sy agaç­lar­dan yba­rat bol­ýar. Aýyň Ýe­re go­laý­laş­ma­gy bi­len de­ňiz su­wy ýo­ka­ryk gö­te­ri­lip, ke­nar­la­ry bas­ýar. Bel­li bir wagt­dan soň­ra suw çe­kil­ýär. Mu­ňa daşgyn-gaýt­gyn ha­dy­sa­sy di­ýil­ýär. Mang­row to­kaý­la­ryn­da agaç­la­ryň 80-e go­laý gör­nü­şi ös­ýär. Bu to­kaý­lar ek­wa­to­ra go­laý ýer­ler­de tro­pi­ki we subt­ro­pi­ki gi­ňiş­lik­ler­de ös­ýär. Mang­row to­kaý­la­ryn­da­ky agaç­la­ryň su­wuň aşa­gyn­da gal­ýan bö­le­gi ýo­gyn bol­ýar. Bu kök­ler suw çe­ki­len wag­ty ýo­kar­da gal­ýar. Baý ekoul­ga­my dö­red­ýän bu to­kaý­lar tro­pi­ki se­bit­ler­de, tol­kun­la­ryň yzy­gi­der­li dö­re­ýän ýer­le­rin­de, duz­ly bat­ga­lyk ýer­ler­de eme­le gel­ýär. Mangrow tokaýlarynyň ýarysy Aziýa ýurtlarynda gabat gelýär. Bu ösüm­lik­le­riň kök­le­ri joş­gun­ly su­wuň he­re­ke­ti­ni ha­ýal­lad­ýar, çö­kün­di­le­riň suw­dan çyk­ma­gy­nyň we bat­ga­ly­gyň dö­re­me­gi­niň öňü­ni al­ýar. Şeý­le­lik­de, de­ňiz ke­nar­la­ry­nyň şol bir ýer­de sak­lan­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär, tu­pa­ny, güýç­li akym­la­ry, tol­kun­la­ry we ero­zi­ýa­ny azald­ýar. Mang­row­la­ryň çyl­şy­rym­ly kök ul­ga­my bolan bu to­kaý­la­ry ba­lyk­la­ry we beý­le­ki de­ňiz jan­dar­la­ry­ny, ýyr­ty­jy­lar­dan ga­çy­ba­tal­ga we iýmit göz­le­ýän beý­le­ki or­ga­nizm­le­ri özü­ne çek­ýär.

Iň uly mang­row to­kaý­ly­gy

Dün­ýä­dä­ki iň uly mang­row to­ka­ýlygy Bang­la­deş bi­len Hin­dis­ta­nyň ara­syn­da­ky se­bit­de ýer­leş­ýär. ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­rizilen Sun­dar­bans ben­gal di­lin­de «owa­dan to­kaý» diý­me­gi aň­lad­ýar. Gang der­ýa­sy­nyň deň­ze gu­ý­ýan ýe­rin­dä­ki to­kaý­la­ryň ara­syn­da köp san­ly ka­nal, ki­çi ada­lar we bat­ga­lyk­lar bar. Şor de­ňiz su­wy kä­bir de­ňiz jan­dar­la­ry­na Sun­dar­bans­da ýa­şa­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­ýär. 425 ýa­ba­ny haý­wa­nyň ýa­şa­ýan to­kaý­ly­gyn­da guş­la­ryň 300-den gow­rak, süý­dem­di­ri­ji­le­riň 43 gör­nü­şi bar. Şol san­da Ben­gal gap­la­ňy hem bu ýer­de ýa­şa­ýar. 1984-nji ýyl­da go­rag as­ty­na al­nan bu se­bit 1987-nji ýyl­da ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di.