Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda ylmy taýdan esaslandyrylan, halkara standartlaryna laýyk gelýän täze innowasiýa tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlary köpçülikleýin ornaşdyrylýar. Döwrebap innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy bolsa, önümçiligiň täze usullaryny emele getirýär. Dürli ulgamlara täze taglymatlaryň we ylym-bilimiň ornaşdyrylmagy, ýaş nesilde oýlap tapyjylyk ukybynyň ösmegine itergi berýär.

Ýur­du­myz­da «Türk­me­nis­tan­da 2019-2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­na» la­ýyk­lyk­da, bi­lim ul­ga­myn­da hem san­ly ul­ga­myň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy­na uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Tä­ze hü­när­ler gi­ri­zil­ýär, hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­gyň usu­ly­ýe­ti­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär, döw­re­bap okuw me­ýil­na­ma­la­ry iş­le­nip taý­ýar­la­n­ýar. Döw­le­ti­miz san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň kon­sep­si­ýa­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň me­ýil­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, bi­lim eda­ra­la­ry­nyň işi­ni has-da kä­mil­leş­dir­mek, bi­lim ber­me­giň äh­li bas­gan­çak­la­ry­ny ýo­ka­ry hil­li elekt­ron bi­lim mag­lu­mat­la­ry bi­len üp­jün et­mek, bi­lim eda­ra­la­ryn­da be­ril­ýän bi­li­miň maz­mu­ny­ny baý­laş­dyr­mak, şeý­le hem okat­ma­gyň hi­li­niň dün­ýä de­re­je­si­ne la­ýyk gel­me­gi­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça yzy­gi­der­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.
Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Ylym we mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry mi­nistr­li­giniň ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­net ul­ga­my­ny gur­na­mak üçin döw­re­bap ara­gat­na­şyk en­jam­la­ry, komp­ýu­ter se­riş­de­le­ri, ze­rur ser­wer­ler, tor we prog­ram­ma önüm­le­ri bi­len üp­jün edi­len Mag­lu­ma­ta el­ýe­ter­li­lik mer­ke­zi­ni dö­ret­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy hem mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Bu mer­kez ýur­du­my­zyň san­ly bi­lim ul­ga­my­nyň teh­no­lo­gi­ýa we in­no­wa­si­ýa esa­syn­da ös­dü­ril­me­gi­ne, san­ly bi­lim hyz­mat­la­ry­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne, ra­ýat­la­ryň elekt­ron bi­lim gor­la­ry­na el­ýe­ter­li­li­gi­ni üp­jün et­mek ar­ka­ly ola­ryň web-di­zaýn, prog­ram­mir­le­me bo­ýun­ça so­wat­ly­ly­gy­ny art­dyr­ma­ga ýar­dam be­rer.
Ýur­du­my­zyň yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş­la­ry­nyň bi­ri­ bolan Ko­reýa Respublikasynyň kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da ýur­du­myz­da iri göw­rüm­li tas­la­ma­laryň birnäçesi dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ýurduň teh­no­lo­gi­ýa we ten­no­lo­giýa en­jam­la­rynyň önüm­çi­li­gin­de, ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­net ul­ga­my­ny dö­ret­mek­de baý tej­ri­besi bar. 1938-nji ýyl­da esaslandyryla «Sam­sung» kom­pa­ni­ýa­sy hä­zir­ki wagt­da dün­ýä bel­li elekt­ro­ni­ka, gur­lu­şyk hem-de gä­mi gur­lu­şyk kom­pa­ni­ýa­sy­na öw­rül­di. Ko­re­ýa­nyň bi­lim we teh­no­lo­gi­ýa jem­gy­ýe­ti 780-den gow­rak gu­ra­ma­ny özün­de jem­läp, teh­no­lo­gi­ýa we in­no­wa­si­on ösüş ul­ga­myn­da uly öz­ge­riş­lik­le­ri ama­la aşyr­ýar.
Şeý­le ösü­şe eýe bo­lan Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy bi­len ýur­du­my­zyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­lyk san­ly bi­lim ul­ga­myn­da tä­ze üs­tün­lik­le­re ýe­til­me­gi­ne ýa­kyn­dan ýar­dam be­rer.
Umu­man, san­ly yk­dy­sa­dy­ýet we san­ly bi­lim ul­ga­myn­da­ky ga­za­nyl­ýan tej­ri­be­ler we or­naş­dy­ryl­ýan iş­ler oka­ýan­la­ryň we pe­da­go­gik iş­gär­le­riň öza­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň şert­le­ri­ne esas­lan­ýan bi­lim mak­sat­na­ma­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi we okuw işi­niň gu­ra­ly­şy­na hyz­mat eder.
Mag­lu­mat-kom­mu­ni­ka­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry uzak­da­ky az ilat­ly ýer­ler­de iş­le­ýän pe­da­go­gik iş­gär­le­riň hü­när de­re­je­si­ni uzak ara­lyk­dan ýo­kar­lan­dyr­ma­gy üçin hem ni­ýet­le­nil­ýär. Bi­lim eda­ra­la­ry bi­lim işi­ni gu­ran­la­ryn­da oka­ýan­la­ryň we pe­da­go­gik iş­gär­le­riň öza­ra gat­na­şyk­la­ry­na esas­lan­ýan teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, elekt­ron oku­wy hem-de uzak ara­lyk­ly bi­lim teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny ulan­ýar­lar.

Re­sul AN­NA­ÝEW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.