Glazgo şäherinde Şotlandiýanyň maslahatlar merkezinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatyna (COP26) hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Wise-premýer forumda türkmen tarapynyň howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşmak hem-de onuň ýaramaz täsirlerini peseltmek meselelerinde halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen birnäçe anyk başlangyçlar bilen çykyş etdi.
S.Berdimuhamedow çykyşynda türkmen wekiliýetiniň adyndan forumy guraýjylara — Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Hökümetine mähirli myhmansöýerlik hem-de maslahatyň netijeli işlemegine döredilen şertler üçin hoşallyk bildirip, ählumumy Durnukly ösüş maksatlarynyň kabul edilmegi bilen, Türkmenistanyň olara ýetmek ugrunda netijeli işleri alyp barýandygyny nygtady.
Konwensiýanyň teklibine hem-de onuň Pariž şertnamasyndaky borçnamalaryna esaslanyp, Türkmenistan howanyň üýtgemegi babatynda amaly tagallalary edýär:
birinjiden, ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen, bug gazlarynyň zyňyndylary azalýar;
ikinjiden, Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýa, 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça Milli strategiýa hem-de Türkmenistanyň “Täzelenýän energiýa çeşmeleri hakynda” täze Kanuny kabul edildi;
üçünjiden, Türkmenistanda her ýyl millionlarça agaç nahallary oturdylýar. 2020-nji ýylda Türkmenistanyň “gök guşagyny” 25 million nahal artdyrdy, 2021-nji ýylda bolsa 30 million nahalyň ekilmegi meýilleşdirildi;
dördünjiden, Pariž howa şertnamasy boýunça borçnamalary ýerine ýetirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň milli kesgitlenen goşandy (MKG/NDC) taýýarlanyldy. Onda teklip edilen borçnamalar, bug gazynyň zyňyndylaryny peseltmek we ykdysadyýetiň esasy pudaklaryndaky meseleleri 2030-njy ýyla çenli çözmek baradaky ägirt uly maksadynyň tassyklanmagynyň subutnamasydyr.
Bu babatda metanyň zyňyndylaryny azaltmaga aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy Ählumumy metan borçnamasy boýunça täze başlangyjy goldaýar hem-de giňişleýin gatnaşmak maksady bilen, ony jikme-jik öwrenmäge gyzyklanma bildirýär diýip, S.Berdimuhamedow aýtdy.
Bug gazlarynyň zyňyndylary aradan aýrylar
Şeýle hem Türkmenistanyň 2030-njy ýyldan başlap, orta möhletde bug gazlarynyň zyňyndylaryny düýbünden aradan aýyrmagy we zyňyndylaryň ýylsaýyn ep-esli azaldylmagyny gazanmagy meýilleşdirýändigi bellenildi. Bu görkezijilere biziň ýurdumyz öz maliýe serişdeleriniň hem-de halkara guramalaryň we maliýe institutlarynyň tehniki hem-de maliýe goldawlarynyň hasabyna ýetmäge umyt edýär.
Möhüm netijeli başlangyçlary öňe süren türkmen wekiliýetiniň baştutanynyň mazmunly çykyşy BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň 26-njy maslahatyna gatnaşyjylaryň goldawyna eýe boldy.