6-njy noýabrda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň daş-töweregini bagy-bossanlyga öwürmegiň giň gerimli nobatdaky tapgyryna badalga berildi.

Bag ekmek dabarasyna Hökümet agzalary, ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriň talyplary, şeýle-de Türkmenistanyň ýaşaýjylary hem gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylar ir säher bilen paýtagtymyzyň günorta böleginde, Magtymguly Pyragynyň täze gurulýan beýik ýadygärliginiň ýanynda 13,5 gektar meýdanda bag ekmek üçin ýörite taýýarlanylan ýere ýygnandylar.

Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, bag nahalyny oturtmak üçin taýýar edilen ýere bardy.

Döwlet Baştutanymyzyň ýanyna ýurdumyzyň ýaş nesliniň wekili bardy. Eli pilli oglanjyk milli Liderimizden bag ekmek dabarasyna ak pata bermegi haýyş etdi we bag nahalyny oturtmak üçin pili gowşurdy. Hormatly Prezidentimiz ilkinji agaç nahalyny — türkmen arçasyny oturtmak bilen, asylly işe ak pata berýär. Arça agajy ýurdumyzyň daglyk ýerlerinde tokaýlary dikeltmek işinde möhüm orny eýeleýär.

Şol gün Magtymguly Pyragynyň 153 gektar meýdany eýeleýän medeni-seýilgäh toplumynyň çäginde we töwereginde arça nahallarynyň 61 müň 200-den gowrak düýbi oturdyldy. Bu ýerde agaç ekmekden başga-da, ozal bar bolan baglaryň berkemegine, ösmegine degişli ideg işleri geçirildi.

Nahallar ýurdumyzyň dürli welaýatlarynyň toprak-howa şertleriniň aýratynlyklaryna durnukly we uýgunlaşdyrylan baglaryň görnüşlerinden saýlanyp alyndy.

Bu asylly çärä gatnaşyjylar milli Liderimiziň göreldesine eýerdiler. Asylly işe hemmeler agzybirlikde gatnaşanlarynda milli özboluşlylygyň aýratynlygy ýüze çykýar.

Dabaranyň çäklerinde diňe bir günüň dowamynda jemi 4 million 248 müň 740 düýp pürli we beýleki agaç nahallary, şol sanda Aşgabat şäherinde we onuň eteklerinde 1 million 835 müň 740 agaç nahaly, welaýatlarda bolsa 2 million 413 müň agaç nahaly ekildi. Tutuş ýurdumyz boýunça şol gün 3 million 590 müň 740 agaç nahalyna ideg edildi.

Ýurdumyzda suw, ýer we biologik serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmak, biodürlüligi hem-de tebigy ýerleriň gözelligini gorap saklamak, çölleşmä, tokaýlaryň ýitip gitmegine garşy göreşmek, ilatyň ekologiýa baradaky düşünjeliliginiň artdyrylmagy babatda uly işler alnyp barylýar. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň Tokaý kodeksi, “Tebigaty goramak hakynda”, “Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda”, “Ozon gatlagyny goramak hakynda”, “Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda”, “Ösümlik dünýäsi hakynda”, “Haýwanat dünýäsi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary we beýlekiler kabul edildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.