Germaniýanyň ikinji ligasy Bundesliga 2-de oýnalan Erzgebirge Aue – Ingolştadt duşuşygynda ýer eýeleri 1-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Duşuşykdan soň Erzgebirge Aue toparynyň futbolçysy Klemens Fandrihe 7 aýlyk jerime berildi. Ol şol oýnuň 89-njy minutynda gapdal emine tüýkürendigi üçin gyzyl kart alypdy. Şeýlelikde, Fandrih öňümizdäki 7 aýlap ol ähli futbol guramaçylygyndan daşlaşdyryldy. Ol Germaniýada iň uly 2-nji jerime hökmünde hasaba alyndy. Ondan öňde Herta Berliniň gruziýaly futbolçysy Lewan Kobiaşwili bolup, ol eşik çalşyrylýan otagyň koridorynda emini ýumruklany üçin 7,5 aýlap jerime alypdy.