Ýaňy-ýakynda Kembrij uniwersitetiniň Triniti kitaphanasyna degişli bir atlas ýarym asyrdan soň gaýtaryldy. Atlas düzgün boýunça gowşurylman, diňe ýazgy bilen galdyrylyp gidilipdir. Ýokary okuw mekdebiniň öňki talybynyň uzak wagtlap saklan bu atlasy – Peýdaly bilimleri ýaýratmak jemgyýeti tarapyndan neşir edilen XIX asyryň atlasy eken. Atlasda iňlis imperiýasynyň 1856-njy ýyldaky çäkleri görkezýär. Atlas ýörite tabşyrylan halatynda-da oňa jerime salynmazdy, çünki üç ýyl mundan ozal bu çärä moratoriýa girizilen eken.