Ýapon parlamentiniň aşaky palatasy sesleriň köplügi bilen ýurduň dolandyryjy Liberal-demokratik Partiýasynyň (LDP) başlygy Fumio Kisidany Ýaponiýanyň 101-nji Premýer-ministri edip saýlady.
Premýer-ministr Fumio Kisidanyň hökümeti şu gün doly işinden çekildi. Ministrler Kabinetiniň adatdan daşary maslahatynda Premýer-ministr hökümetiň ähli agzalarynyň işinden çekilýändigi barada arza ýygnady. Täze hökümet gurulýança, olar ýolbaşçylyk edýän pudaklarynyň başlyklary wezipesini ýerine ýetirerler.
Fumio Kisida 29-njy sentýabrda dolandyryjy partiýanyň başlygy wezipesine girişip, 4-nji oktýabrda Premýer-ministr wezipesine saýlandy. Onuň bu wezipä bellenmegi 31-nji oktýabrda parlamentiň aşaky palatasyna geçirilen saýlawlardan soň resmi proseduradyr. Saýlawdan soň LDP käbir orunlaryny ýitirse-de, aglaba köplügini saklady (465 orundan 261).
Kisidanyň hytaý-ýapon gatnaşyklaryny öňe sürýän kanun çykaryjylar toparyna ýolbaşçylyk edýän öňki bilim ministri Ýoşimasa Haýasini daşary işler ministri edip bellemegine garaşylýar. Premýer-ministr öňki goranmak ministri general Nakatanini adam hukuklary meseleleri boýunça ýörite geňeşçisi edip bellemekçi.