2014-nji ýylyň Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolan pakistanly aktiwist Malala Ýusufzaý durmuşa çykandygy barada “Twitter” sahypasynda mälim etdi. Onuň toýy Angliýanyň Birmingem şäherinde guraldy. Gyzyň saýlany Asser atly ýigit.

Ýatlap geçsek, Ýusufzaý BBC üçin alyp baran blogy arkaly bütin dünýäde meşhurlyk gazandy. Ol öz blogynda gyzlaryň bilim almak hukugyny ýürekden gorady. 2012-nji ýylda gyz özüne edilen hüjüm netijesinde kellesinden agyr ýaralanypdy. Ol iki ýyldan soň Nobeliň Parahatçylyk baýragyna mynasyp boldy.