Mü­sür ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri, pi­ra­mi­da­la­ry hem-de Or­taýer we Gy­zyl de­ňiz­le­ri­niň ke­nar ýa­ka­la­ryn­da­ky ka­şaň dynç alyş ýer­le­ri bi­len ta­nal­ýar. Dün­ýä­niň iň uzyn der­ýa­sy ha­sap­lan­ýan Ni­liň uly bö­le­gi hem bu ýur­duň çä­gin­den ge­çip, Or­taýer deň­zi­ne gu­ý­ýar. Şeý­le-de bol­sa ýur­duň köp ýe­ri­ni çöl gap­lap al­ýar. Mü­sü­riň iň aja­ýyp land­şaft­la­ryn­dan bi­ri bol­sa «Ak çöl mil­li se­ýil­gä­hi» ha­sap­lan­ýar. Tä­sin te­bi­gat­ly aja­ýyp ýer o di­ýen meş­hur bol­ma­sa-da, gö­ren­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar. Ýur­duň gün­ba­ta­ryn­da­ky Fa­raf­ra düzlüginde go­rag­ha­na haý­ran gal­dy­ry­jy ha­zy­na­dyr. Şol se­bäp­li bu ýe­riň myh­man­la­ry­nyň sa­ny ýyl­sa­ýyn art­ýar. Bu geň te­bi­gat ýur­duň paý­tag­ty Ka­ir­den ulag bi­len bäş sa­gat­lyk ara­lyk­da ýer­leş­ýär. Ol ýe­re ba­ran­lar öz­le­ri­ni baş­ga bir pla­ne­ta­da ýa­ly duý­ýar­lar. «Ak çöl» at­ly («Sa­ha­ra el Bey­da») ýer 2002-nji ýyl­da ýurt­da il­kin­ji bo­lup go­ral­ýan ýer hök­mün­de dö­re­dil­ýär. Mil­li se­ýil­gäh Kasr Al Fa­raf­ra şä­he­ri­niň 45 ki­lo­metr de­mir­ga­zy­gyn­da­ky Fa­raf­ra düzlüginde ýer­le­şip, onuň bir bö­le­gi Fa­raf­ra oa­zi­sin­de­dir. Se­ýil­gäh­de ýyl­la­ryň do­wa­myn­da öw­sen ýe­liň se­bäp bo­lan ero­zi­ýa­sy ar­ka­ly dö­re­di­len uly ak hek ga­ýa­lar bar. Şeý­le hem bu ýer­de gum alaň­la­ry, Wa­di Hen­nis, Aýn El Mak­fi we Aýn El Wa­di oa­zis­le­ri ýer­leş­ýär. Se­ýil­gäh 3,010 km2 meý­da­ny tut­ýar. Iň be­ýik no­ka­dy El Kess Abu Sa­id­de (de­ňiz de­re­je­sin­den 353 metr be­ýik­lik­de) we iň pes no­ka­dy Wa­di Hen­nis­dir (32 m). Bu çöl­de öz­bo­luş­ly dag ge­riş­le­ri bar. Ola­ryň her bi­ri mil­li­on­lar­ça ýyl ozal wul­kan­lar­dan zy­ňy­lan ga­ra daş­la­ryň top­lan­ma­gy ne­ti­je­sin­de dö­räp­dir. Bu ýer­de örän az ilat ýa­şa­ýar. Ak çä­gä­niň we ga­ýa­la­ryň dü­zü­min­de kal­siý, kwars kris­tal­la­ry ýa-da hek da­şy bar. Gü­nüň dog­ýan we bat­ýan wag­tyn­da ga­ýa­la­ryň reň­ki üýt­gäp, ak ýa-da al­tyn­sow-go­ňur bo­lup gö­rün­ýär. Köp ýer­de bol­sa ak gum ýy­gyn­dy­sy çöl­de do­ňan ga­ry ýa­dy­ňa sal­ýar. Çöl­dä­ki bu ak kwars kris­tal­lar­dan bir­nä­çe ga­ýa şe­kil­le­ri eme­le ge­lip­dir. Ola­ryň ara­syn­da iň be­len­di bol­sa Kris­tal dag­dyr. Ol do­lu­ly­gy­na kris­tal­dan bo­lup, or­ta­syn­da uly de­şik bar. Da­gyň ete­gi aras­sa we adam aýa­gy bas­ma­dyk Ba­ha­ri­ýa duz kö­lü­ne ba­ryp ýet­ýär. Kris­tal dag­ly­gy Nakb El Sil­lim­den 24 ki­lo­metr de­mir­ga­zyk­da esa­sy ýo­luň gap­da­lyn­da ýer­leş­ýär. Mun­dan baş­ga-da, bu tä­sin ýer­de lez­zet­li hur­ma we zeý­tun agaç­la­ry­nyň aja­ýyp to­kaý­ly­gy bar. Se­ýil­gäh­de Sa­ha­ra çö­lü­niň tä­sin ak çä­ge­le­ri we ga­ýa gör­nüş­le­ri bi­len bir ha­tar­da köp san­ly ýa­ba­ny jan­dar­lar hem ga­bat gel­ýär. Bu ýer­de ýa­ba­ny go­ýun, til­ki, je­ren, şa­gal we gum pi­şigi ýa­ly on­lar­ça haý­wan ýa­şa­ýar. Bu ýer Uly gum deň­zi bi­len meş­hur­dyr.

Uly gum deň­zi

Uly gum deň­zi Mü­sür bi­len Li­wi­ýa­nyň ara­syn­da ýer­leş­ýän Sa­ha­ra çö­lü­niň bir bö­le­gi­dir. Çö­lüň bu bö­le­gi 72 müň ine­dör­dül ki­lo­metr meý­da­ny tut­up, tak­my­nan dört­den üç bö­le­gi­ni öz içi­ne al­ýan köp san­ly alaň­la­ry bi­len meş­hur­dyr. Bu çä­ge deň­zi aja­ýyp te­bi­ga­ta gi­riş hök­mün­de hyz­mat ed­ýän mil­li se­ýil­gä­hiň çäk­le­rin­den has uzak­da ýer­leş­ýär. Bu deň­ziň ke­na­ryn­da düş­le­ýän ja­han­keş­de­le­riň aýt­mak­la­ry­na gö­rä, gi­je­le­ri­ne as­man du­ry bo­lup, ýyl­dyz­lar has oňat gö­rün­ýär. Bu aja­ýyp sah­na Ak­ma­ýa­nyň ýo­lu­ny äh­li aja­ýyp­ly­gy bi­len syn­la­mak üçin dün­ýä­dä­ki iň oňat gur­şaw­dyr. Aý peý­da bo­lan­da onuň ýag­ty yşy­gy mil­li se­ýil­gä­hi ýag­ty­lan­dyr­ýan we gi­je­ki gözel ýer­le­rin­de ge­ze­lenç et­mä­ge ça­gyr­ýan gök öwüs­ýän ga­ýa­ly ýüz­le­ri gör­kez­ýär. Şeý­le hem bu ýe­re sy­ýa­hat et­mä­ge ge­len sy­ýa­hat­çy­lar üçin we­lo­si­ped sür­mek ýa­ly hyz­mat­lar hö­dür­len­ýär.