Ýumurtga adam saglygyna peýdaly, iň köp sarp edilýän iýmitleriň biri hasaplanýar. Ol ýumurtgalyk öýjüginiň tohumlandyrylmagy netijesinde ýüze çykýar. Ýokary hilli belogyň çeşmesi bolan ýumurtga iki reňkde bolýar – ak ýa-da açyk goňur. Eýsem, olaryň arasynda nähili tapawut barka? Ene süýdünden soňra iň peýdaly iýmit hasaplanýan ýumurtga beloga baý bolup, düzüminde A, B, D we E ýaly witaminleri saklaýar. Şeýle hem onuň düzüminde demir, selen, polat we fosfor bar. Ýumurtgada az mukdarda ýag bolýar. Bir ýumurtgadaky ýagyň mukdary 4,5 gram, bu ýagyň 1,5 gramy bolsa doýgun ýag kislotalaryndan ybaratdyr. Galan bölegi doýmadyk ýag kislotalaryndan durýar. Ak ýumurtga düzüminde 100 göterim belok saklaýar. Esasan hem, myşsa we süňklerde gowşaklyk ýüze çykanda ak ýumurtga iýmek möhümdir. Bu beloklarda ýokary hilli aminokislotalar bolup, çalt siňýär. Ýumurtganyň sarysynda saç we dyrnak üçin iň zerur bolan biotini (B witamin) öz içine alýan ýokumly madda bar. Demriň iň möhüm çeşmelerinden biri bolan bu önüm ganazlyk üçin peýdalydyr. Onuň üçin her gün bir ýumurtga iýmek maslahat berilýär. Ýumurtga gök önümler we C witaminine baý miweler bilen iýlende demriň siňdirilmegi üçin has peýdaly boljakdygy sebäpli, onuň gapdalyndan limon, apelsin şiresi we bolgar burç ýaly iýmitleri iýmek maslahat berilýär. Şeýle hem kaloriýasy pes ýumurtga, esasan hem, berhiz saklaýan adamlar tarapyndan has köp iýilýär.
Haýsy ýumurtga has peýdaly?
Täsin ýeri towugyň ýumurtgasy onuň gulagynyň reňkine meňzeş bolýar. Ýagny towuk gulagy ak bolsa ak, goňur bolsa goňur ýumurtga berýär. Towuk ýumurtgalarynyň reňki we gabygy ýumurtga emele gelenden soň ýüze çykýar. Ýumurtganyň reňki dürli-dürli bolsa-da, iki reňkli ýumurtganyň hem içi, iýmitleniş gymmaty, tagamy we bişirmek usullary taýdan biri-biri bilen birmeňzeşdir. Olaryň ikisinde-de deň mukdarda belok, witaminler we minerallar bolýar. Elbetde, towugyň iýýän iýmitiniň hiline we şertlerine baglylykda önümiň ýokumlylyk gymmaty üýtgäp biler. Ýumurtganyň iň ýokumly bölegi sarysydyr.
Gabygynyň galyňlygy: ýumurtganyň gabygynyň galyňlygy towugyň ýaşyna görä üýtgeýär. Şoňa laýyklykda ýaş towuklaryň ýumurtgalary adatça has gaty bolýar.
Has köp saklanýan ýumurtganyň agyrlyk güýji we ýokumlylygy peselýär. Ony anyklamak üçin ýumurtgany suwda goýuň! Eger ýumurtga suwuň ýüzüne çyksa, täze, suwa batyp, gaýmalaýan bolsa «könelen» ýumurtgadygyny bilersiňiz.
Ýeri gelende bellesek, goňur ýumurtgalaryň Omega 3 we E witaminine has baýdygy mälim edildi.
Gyzykly maglumatlar
Ýumurtganyň gabygynda 7 müň we 17 müň aralygynda gözenek bolýar.
Ýumurtganyň ululygy towugyň ýaşyna bagly bolýar.
Sagdyn towuk ýylda ortaça 250-270 ýumurtga berýär.
Hytaýda dünýädäki ýumurtga önümçiliginiň 40%-i, ýagny ýyllyk 30 million tonna ýumurtga öndürilýär.
Ginnesiň rekordlar kitabynda bellenilmegine görä, dünýädäki iň agyr towuk ýumurtgasynyň agramy takmynan 454 gramdyr.
Ýumurtga täzeligini ýitirensoň gabygyny arassalamak aňsatlaşýar.
Ýumurtganyň düzüminde A, D, E witaminleri, tiamin, niasin, riboflawin, demir we fosfor ýaly ýokumly maddalar bar. Iýmit hökmünde iýilýän ýumurtganyň 60-90 gramy balygyň ýa-da ak etiň ýerini tutup biler.
Gabygy döwlen ýumurtgany sowadyjyda 7-9 gün saklap bolýar.
Jan başyna iň köp ýumurtga iýilýän döwlet ABŞ-dyr. Amerikanlar ýylda ortaça 250 ýumurtga iýýär.
Bir ýumurtgada takmynan 186
milligram holesterin bar.
Ýumurtganyň düzümindäki holin elementi ýatkeşligi gowulandyrýar.
Towuk ýumurtgasyndan başga-da, bedene, hindi towugy, düýeguş, gaz we ördek ýaly guşlaryň ýumurtgalary iýmit hökmünde peýdalanylýar.
Dünýäde iň kiçi ýumurtga kolibri guşunyňky bolup, onuň ululygy noýbadan hem kiçidir.
Bilermenler ýumurtga saklamak üçin iň amatly temperaturanyň 2-den 2,2 dereje bolandygyny anykladylar. 7,2 derejeden ýokary temperaturada ýumurtgalaryň hili peselip başlaýar.
Dükandan satyn alnan ýumurtgalaryň saklanyş möhleti 25 gün. Emma öý ýumurtgalaryny 3 aýa çenli sowadyjyda aňsatlyk bilen saklap bolýar.
Ýumurtga sowadyjyda ýuwulman goýulmaly. Ony diňe ulanjak wagtyň ýuwmak maslahat berilýär.
Gaýnadylan ýumurtgalary sowadyjyda 20 günden köp, otag temperaturasynda 3 günden köp saklamazlyk maslahat berilýär.
Ýumurtga gabyklarynyň 90 göterimi kalsiý karbonatdan ybarat. Onuň daşy ýumurtganyň bugarmagyndan we zyýanly mikroorganizmlerden goraýan ýokary derejeli gatlak bilen örtülendir.