9 sa­ny­nyň tä­sin­di­gi, haý­ran gal­dy­ry­jy­dy­gy ba­ra­da pi­kir edip gör­dü­ňiz­mi? Eger bu so­wa­la «ýok» di­ýip jo­gap ber­ýän bol­sa­ňyz, oka­ma­gy do­wam ediň! Il­ki bi­len 9-a bö­lün­ýän san­la­ra se­re­de­liň: 9, 18, 27, 36, 45, 54, 63, 72, 81, 90, 99, 108, 117, 126, 135, … Üns be­ren bol­sa­ňyz, bu­la­ryň ara­syn­da iki we üç bel­gi­li san­la­ry go­şa­ny­myz­da äh­li­si­niň ne­ti­je­si 9 bol­ýar. My­sal üçin 18; 1+ 8 = 9 ýa-da 135; 1+ 3 + 5 = 9. Bu my­sa­la ga­bat gel­me­ýän 99 hem bar. Em­ma bu sa­nyň bel­gi­le­ri­niň je­mi hem 18 bo­lup, 1 bi­len 8-i goşa­ny­myz­da ýe­ne-de jo­ga­by 9 çyk­ýar.
Haý­sy­dyr bir sa­nyň 9-a ga­lyn­dy­syz bö­lün­ýän­di­gi­ni ýa-da bö­lün­me­ýän­di­gi­ni bil­mek üçin onuň bel­gi­le­ri­ni goş­mak ýe­ter­lik­dir. Gör­şü­miz ýa­ly 9 sa­ny örän tä­sin eken, şeý­le däl­mi?
Şeý­le bo­lan­soň, bu san kä­bir tap­ma­ça­lar­da hem ula­nyl­ýar. Ge­liň, şol tap­ma­ça­la­ryň bi­ri­ni öw­re­ne­liň! Bu tap­ma­ça­ny öz deň-duş­la­ry­ňyz­dan ýa-da ulu­lar­dan so­rap bi­ler­si­ňiz!
Iki ýa-da üç bel­gi­li san bel­läň! Bu sa­nyň bel­gi­le­ri­ni go­şuň! Il­ki bel­län sa­ny­ňy­zy çy­kan ne­ti­je­den aý­ryň! Çy­kan ne­ti­je­dä­ki sa­nyň bel­gi­le­ri­ni go­şuň! Onuň ne­ti­je­si jü­büt san bol­sa 5-e, täk san bol­sa 10-a kö­pel­diň! Bu san­dan 15-i aý­ryň! Jo­ga­by­ňyz 75-mi?
Mu­ňa bir my­sal be­re­liň! Aý­da­ly 47 sa­ny­ny bel­le­di­ňiz. 4 + 7 = 11. 47-den 11-i aýyr­sak 36 gal­ýar. 3 + 6 = 9, ýag­ny täk san. Bu sa­ny 10-a kö­pelt­sek 90 bol­ýar. 90 – 15 = 75.
Has ulu­rak san­da hem bar­lap gö­re­liň! My­sal üçin 831 sa­ny­ny bel­le­di­ňiz. 8 + 3 + 1 = 12; 831 – 12 = 819; 8 + 1 + 9 = 18. Ne­ti­je jü­büt san bol­dy. On­da 18-i 5-e kö­pelt­me­li bol­ýa­rys. Ne­ti­je 90. 90-dan 15-i aýyr­sak 75 bol­ýar.
Şeý­le so­wa­ly be­ren deň-du­şu­ňyz çy­kan ne­ti­jä­ni gö­ren­de haý­ran gal­sa ge­rek!