Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen milli taryhy-medeni mirasymyzy içgin öwrenmek we gorap saklamak maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onuň çäklerinde taryhyň heniz açylmadyk sahypalaryny ýüze çykarmak boýunça yzygiderli işler dowam etdirilýär we olar öz oňyn netijelerini berýär. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän Abiwerd taryhy-medeni goraghanasynyň çäklerinde ýerleşýän ýadygärlikde gazuw-agtaryş işleriniň güýzki möwsüminiň dowamynda türkmen arheologlary täze tapyndylary ýüze çykardylar.
Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky milli müdirliginiň hünärmenleri orta asyrlara degişli gadymy döwürlerde adamlaryň ýaşan künjeklerinde arheologik-gözleg işlerini geçirdiler. Bu işler ýurdumyzyň orta asyr şäherlerinde maddy medeniýetiň, hususan-da, senagatyň ösendigine şaýatlyk edýän gyzykly maglumatlary ýygnamaga mümkinçilik berdi.
Abiwerd galasynda simap taýýarlamak boýunça önümçilik ussahanasynyň üsti açyldy. Alymlar tarapyndan “hünärmentçilik toplumy” diýlip atlandyrylan meýdançada demir magdanlaryny eredip, metal almak üçin niýetlenen tegelek peçleriň altysynyň galyndylary tapyldy. Arheologik tapyndylar arkaly alymlar bu ýerde küýzegärçilik ussahanasynyň ýerleşendigini kesgitlediler. Onda arheologik edebiýatda “simap küýzejigi” diýlip atlandyrylýan keramiki gaplar öndürilipdir. Çaklamalara görä, şeýle gaplaryň aýry-aýry nusgalary Merkezi Aziýanyň käbir sebitlerinde tapylypdyr. Simabyň hut şeýle gaplarda saklanandygy baradaky pikiri ilkinji gezek geçen asyryň ortalarynda belli arheolog, akademik M.Masson öňe sürdi.
Abiwerd galasynyň hünärmentçilik toplumynyň meýdançasynda simap saklamaga niýetlenen keramiki gaplaryň abat galanlarynyň we bişirilende zeper ýetenleriniň 300-den gowragy tapyldy. Alymlaryň pikirine görä, küreler iki gatdan, ýagny aşakda ot ýakylýan ojakda we onuň üstünde ýerleşen küýze bişirilýän howurhanadan ybaratdyr. Küre ýeriň aşagynda ýerleşip, onuň ojagy tegelek görnüşde bolupdyr. Ýerasty küräniň beýikligi ýarym metre, giňligi 90 santimetre barabar bolupdyr.
Abiwerd Demirgazyk Horasanyň uly ähmiýetli şäherleriniň biridir, bu barada ýazuw çeşmelerinde: “…bereketli topragy, baý hasyly bolan şäher özüniň şüweleňli bazary we metjidi bilen uly şöhrata eýe bolupdyr” diýlip bellenilýär. Häzirki döwürde gadymy şäheriň galyndylary 105 gektar meýdanda ýerleşýän gönüburçluk gala görnüşinde saklanyp galypdyr. Kaka etrabyndaky Abiwerd taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çägindäki bu taryhy-binagärlik ýadygärligi orta asyrlara degişli galanyň ilatynyň durmuşy barada köp maglumatlary özünde jemleýär.
Bu ýerde geçirilen barlaglar birnäçe täsin tapyndylary ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi. Abiwerdiň çäginde geçirilen barlaglarda şäheriň günorta-gündogar we demirgazyk-günbatar künjeklerinde senetçilik toplumlarynyň bolandygy tassyklanyldy. Şäheriň merkezi böleginde mis işläp bejerýän we zergärçilik ussahanalarynyň bolandygyna şaýatlyk edýän metaldan ýasalan dürli şekiller ýüze çykaryldy. Köp görnüşli keramiki önümler Abiwerdde küýzegärçiligiň ösendigini aňladýar. Bu şäher Demirgazyk Horasanyň möhüm söwda-senetçilik merkezleriniň biri bolupdyr. Mundan başga-da, arheologlar orta asyr metjidiniň ýerleşen ýerini ýüze çykardylar. Onuň Daňdanakan metjidine meňzeşdigini aňladýan bezeg serişdeleriniň bölekleri tapyldy.
Abiwerd galasynda geçirilen bu gezekki arheologik möwsümiň dowamynda ýüze çykarylan taryhy gymmatlyklar ozalky täsin tapyndylaryň üstüni ýetirdi. Olar Günorta Türkmenistanda, has takygy, Ahal welaýatynyň dag eteklerinde orta asyrlarda zergärçilikde we lukmançylykda giňden ulanylan simabyň önümçiliginiň ýola goýlandygyny subut edýär.
“Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna” laýyklykda, soňky dört ýylyň dowamynda Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky milli müdirligiň hünärmenleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgärleri bilen bilelikde giň möçberli ylmy-barlag, gazuw-agtaryş, berkidiş-rejeleýiş işlerini geçirip, ýurdumyzyň taryhyndan we pederlerimiziň durmuşyndan gürrüň berýän örän gyzykly hem-de wajyp maglumatlary ýygnadylar. Hususan-da, ylmy işleriň netijesinde orta asyr türkmen şäherleriniň ylmyň we medeniýetiň ösüşi bilen bir hatarda gülläp ösendigini tassyklaýan anyk maglumatlar toplandy. Orta asyrlarda senetçilik önümçiliginiň we söwda gatnaşyklarynyň ösendigi, paýhasly pederlerimiziň durmuş üpjünçiligi boýunça kämil ulgamy döredendigi, binagärligiň özboluşly türkmen ýolunyň emele gelendigi tassyklanyldy.
Ýüze çykarylan gymmatly tapyndylar ylmy-barlaglardan we degişli rejeleýiş işlerinden soňra dabaraly ýagdaýda ýurdumyzyň döwlet muzeýlerine tabşyrylýar. Orta asyr Abiwerd ýadygärliklerinde ýüze çykarylan täze tapyndylar hem muzeý gymmatlyklarynyň hatarynda möhüm orun eýelär.