Sowuk günlerde tomus we yssy gün baradaky pikirleri oýandyryp, «Güneşli miwe» adyny alan, açyk mämişi reňkli hurma giýçki güýz we gyş paslynyň iň arzyly miweleriniň biri hasaplanýar. Bu miwäniň hemmeler tarpyndan gowy görülmegi ýöne ýerden däldir. Çünki, bu miwäniň tagamy örän süýji hem-de  ynsan saglygy üçin örän peýdalydyr.

Irki döwürlerde hurma Gündogar Aziýada – Hytaýda we Ýaponiýada ösdürilip ýetişdirilipdir. Bu önüm XIX asyrda Ýewropa  aralaşýar. Ilkinji gezek hurmany synap gören ýewropalylar lapykeç bolupdyrlar. Sebäbi, taninleriň aşgarlaýyş aýratynlyklary bolan bu ösümlikdäki fenolik birleşmeleri olara şeýle ýakymsyz tagam beripdir. Bu ýagdaý bolsa miweleriň doly bişmändigi üçin bolupdyr.

Häzirki wagtda dünýäde hurmanyň bäş ýüz töweregi görnüşi bar. Bu miwäniň iň köp ýaýran görnüşi bolsa «Gündogar hurmasy» diýlip atlandyrylýar. Hurmanyň bu görnüşi örän süýji-de däl, gaty-da. Gündogar hurmasyny sowadyjyda doňdurylanyndan soň ýa-da birnäçe gün alma bilen bir haltada saklananyndan soň iýseň has tagamly bolýar. Bu miwäniň «Şaron» görnüşi gaty görnüşde bolup, örän süýji we şepbeşikli däl. Hurmanyň «Korolýok» görnüşi bolsa şokolad ýaly garamtyl reňkde bolup, aşa süýjüdir. Ýaňy-ýakynda bu miwäniň «Çopantelpek hurmasy» ýa-da «Injir hurmasy» atly täze bir görnüşi-de ösdürilip ýetişdirildi. Hurmanyň bu görnüşiniň miweleri birneme tekizlenen we daşky görnüşi gül ýalydyr. Hurmanyň «Bal hurmasy» atly görnüşi bolsa, bala meňzeş görnüşli sähelçe şepbeşiksiz, ýumşak we gaty näzikdir.

Häzirki zaman lukmançylygynda hurmanyň ähli görnüşleriniň deň derejede peýdalydygy hem ykrar edilýär.

Hurmanyň peýdaly aýratynlyklary:

Açyk mämişi reňkli hurmada göz üçin peýdaly bolan beta-karotin bilen A witamini aşa köp mukdarda saklanýar. Bu önümiň düzüminde ýürek kesellerini we ýokary gan basyşyny bejermekde peýdaly bolan magniý bilen kaliý köp mukdarda bar. Hurmada demriň köp bolmaklygy ony ganazlygyň ajaýyp bejeriş serişdesine öwürýär. Şeýle hem bu miwäniň düzüminde C witamini bar.

Tiroid beziniň käbir kesellerinden ejir çekýänler üçin düzüminde ýod köp bolan hurmany iýmek örän peýdalydyr. Hurmadaky “B” witaminlerini şokolad bilen deň derejede hasaplanýar. Hurmadaky C we PP witaminleri damarlaryň we kapilýarlaryň diwarlaryny berkitmäge kömek edýär. Bu miwe bedende holesteriniň derejesini hem sazlap bilýär.

Adaty lukmançylyk hem hurma miwesinden sowa geçmeýär. Lukmançylyk pudagynda, hurmadan alnan taninleri operasiýadan soň derini bejermek üçin ulanýarlar. Hurma tohumy bolsa işjeňleşdirilen uglerod önümçiliginde ulanylýar we bu miweden alynýan ekstraktlar iýmit goşundylaryny güýçlendirýär.

Hurma  diýetologiýada we kosmetologiýada

Hurma çalt horlanmak üçin mono-diýetanyň düzüm bölegi hökmünde ulanylýar. Hut şu nukdaýnazardan-da, düzüminde şekeriň we kaloriýanyň örän känligi sebäpli, köplenç, köp mukdarda hurma iýilýär. Ýöne, diýetologiýa hünärmenleri beýle berhiz bilen meşgullanmagy maslahat bermeýärler.

«Güneşli miwe» kim üçin zyýanly? 

Hurmanyň ajaýyp abraýyna garamazdan, lukmanlaryň, diýetologiýa hünärmenleriniň we hatda kosmetologlaryň arasynda, bu miwäniň hemmeler üçin deň derejede peýdalydygyny, kadadan çykman, ähli keselleri diýen ýaly bejerýändigini inkär edýänlerde bar. Diýmek, hurmanyň ynsan saglygy üçin zyýanly taraplary hem bar.

Süýji keselli adamlaryň günde bir bölekden köp hurma içmegi maslahat berilmeýär.

Aşgazan-içege ulgamynda geçirilen uly operasiýalardan soň, hurmadan düýbünden gaça durmaklyk maslahat berilýär. Çünki, bu miwäniň içindäki taninler ynsanda güýçli gahar-gazabyň döremegine sebäp bolup bilýär.

Hurmanyň düzümindäki ýod adamlarda bar bolan ýod ýetmezçiligi üçin peýdaly ýoddur, Ýöne, bedende ýody köp bolan adamlar üçin hurma iýmeklik örän zyýanlydyr.

Häzirki zaman lukmançylygynda özüne çekiji hurma miwesiniň dürli görnüşleri bilen artykmaç iýmitlenmeklige rugsat berilmeýär. Çünki, bu miwedäki  köp mukdarda süýüm bilen birleşdirilen taninler, käwagt aşgazanda iýmit süýümlerinden bir bölegiň –  fitobezoaryň emele gelmegine sebäp bolýar. Munuň ýaly daşlar bolsa içegä zeper ýetirip bilýär.

 Halima BATYROWA,

 S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.