Wenesuelaly sazandalar Ginnesiň rekordlar kitabyna dünýäniň iň uly orkestri hökmünde girmegi niýet edinýärler. Şu maksat bilen 14-nji noýabrda ýurtda 12 müňden gowrak sazandanyň gatnaşmagynda giň gerimli konsert gurnalyp, Pýotr Çaýkowskiniň “Slawýan ýörişi” ýerine ýetirildi. Wenesuelanyň daşary işler ministrliginde belläp geçilişi ýaly, rekordy bellige almak üçin 240 bilermen çagyryldy. Wenesuelanyň ýaş sazandalarynyň 12098-siniň (iň kiçisi 12 ýaşynda) gatnaşmagynda gurnalan bu çäre köpleriň göwnünden turdy.
Düzgüne laýyklykda, orkestriň ähli agzalary professional sazanda bolup, azyndan, bäş minut dowam etmeli konsertiň dowamynda öz saz gurallaryny çalmalydy. Alty aý öň hem, Wenesuelanyň ýaş sazandalary rekord goýmaga synanyşyp, şol synanyşyga 1071 sazanda gatnaşypdy, ýöne tehniki sebäplere görä, bu üstünlik Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan ykrar edilmändi.
Bu gezek çäräni gurnaýjylar ozalky säwliklerini göz öňünde tutmaga tagalla etdiler. Konsert Karakasdaky “Fuerte Tiuna” harby akademiýada geçirildi. Dirižýor Andres Deýwid Askanionyň pikiriçe, Çaýkowskiniň “Slawýan ýörişini” ähli sazandalaryň bilýändigi üçin saýlanyp alyndy. Ýeri gelende belläp geçsek, onuň bir özi orkestre ýolbaşçylyk etmän, başga-da alty dirižýor gatnaşdy. Indi bilermenleriň kararynyň 10 günüň içinde yglan edilmegine garaşylýar. Häzirki wagtda bu rekord russiýalylara degişli bolup, 2019-njy ýylda Sankt-Peterburgda 8097 sazandanyň gatnaşmagynda Russiýa Federasiýasynyň senasy ýerine ýetirilipdi.