1995-nji ýylyň 6-njy noýabrynda ÝUNESKO-nyň agza döwletleri geçirimlilik ýörelgeleri hakyndaky jarnamany kabul etdiler. 1996-njy ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy agza döwletleri her ýylyň 16-njy noýabrynda Halkara geçirimlilik gününi bellemäge çagyrdy.

Geçirimlilik ýörelgeleriniň jarnamasynda ähli adamlaryň tebigy taýdan tapawutlydygy, ýöne mertebesiniň we hukuklarynyň deňdigi barada aýdylýar. Resminama laýyklykda, geçirimlilik dünýä medeniýetleriniň dürlüligine, özüňi beýan etmegiň görnüşlerine we adam şahsyýetini görkezmegiň usullaryna hormat goýmagy, kabul etmegi we dogry düşünmegi aňladýar. Döwlet derejesinde geçirimlilik adalatly we bitarap kanunçylygy, kanunyň hökmürowanlygyny, degişli amallary we dolandyryşy talap edýär.

Geçirimlilik her kime diskriminasiýa bolmazdan ykdysady we sosial ösüş üçin mümkinçilikler bermegi talap edýär.

Beýannama laýyklykda adamlara bu hukuklaryň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek we başgalaryň hukuklaryny goramak islegini höweslendirmek bilen umumy hukuklarynyň we azatlyklarynyň nämedigini öwretmekden başlanýan bilimdir.

 Ata BERDIGYLYJOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.