Täze  Zelandiýada 1961-nji ýylda ýeňil atletikaçylaryň çäginde dünýäde ilkinji bolup “jogging” (ýuwaşjadan  birsydyrgyn ylgamak) topary emele geldi. Biziň ýurdumyzda bolsa ilkinji ylgaýjylar kluby Aşgabat şäherinde geçen asyryň 80-nji ýyllarynda  döredilipdir. Häzirki wagtda Türkmenistanda ylgawy söýüjiler kluby onlarça bolup, ylgaýjylar ol ýerde türgenleşik işlerini geçmek bilen bir hatarda tejribeli tälimçilerden usuly  maslahatlar, kömekler alýarlar.

Biz näme üçin sport görnüşleriniň içinden ylgamagy saýlaýarys?

Ilkinji nobatda, ylgamak sportuň beýleki görnüşleri ýaly sport meýdançalaryny, enjamlary, gurallary talap etmeýär. Pasyllaryň howasyna kybapdaş sport egin-eşigi, ylgaýjynyň islegi bolsa başga zat gerek däl.

Ikinjiden bolsa,  ylgamak hem-de ýöremek adam üçin dogabitdi tebigy hereket bolup, onuň tilsimini adam täzeden öwrenmeli däl, çünki ol çagalyk döwrümizden bäri bize tanyş.

Uly bolmadyk birdeň güýji talap edýän gaýtalanyp durýan bu hereket, dem alyşymyza, gan aýlanyşygymyza täsir edýär. Ylgaw wagtynda iş we dynç alyş döwri amatly ýagdaýda çalşyp durýar, hereket ediji ulgamlaryň we içki agzalaryň funksional sazlaşygy takyk ýola goýulýar. Ylgalynýan wagty fiziki iş daýanç-hereket apparatynyň nerw süýümleriniň  uçlary gyjynýar: impulslar merkezi nerw ulgamyna – kelle beýnä barýar. Impulslar ol ýerde derňelip, ähli içki agzalara ýollanylýar. Bu ýagdaý bolsa içki agzalaryň işiniň işjeňleşmegine (ylaýta-da ýüregiň we öýkeniniň) getirýär, myşsalaryň kisloroda we iýmitlendiriji maddalara bolan islegini kanagatlandyrýar. Hereket ediji ulgamyň, ylaýta-da süňk myşsalarynyň şeýle reflektor täsiri, içki agzalaryň kadaly işlemegi üçin hökmany.

Olaryň funksiýasynyň üýtgetmeginiň derejesi bolsa myşsalaryň işiniň çaltlaşmagyna  baglydyr. Ylgaw bilen yzygiderli türgenleşilende içki agzalaryň we ulgamlaryň işjeňligi ösýär we kämilleşýär, bu bolsa tutuşlaýyn bedeniň  hemme taraplaýyn gurplanmagyna  getirýär. Gündelik ylgaýan adamlar, bedende bolup geçýän fiziologik üýtgeşmelerini birbada duýmasalaram, ylgamagyň berýän şähdaçyklyk, özüňi ýeňil duýmak, işjeňlik, sagdynlyk ýaly  oňyn täsirlerine tiz wagtda göz ýetirýärler.

Ata BERDIGYLYJOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.