ABŞ-nyň Arizona muzeýiniň paleontologlary rekord ululykdaky dinozawryň galyndylaryny tapdylar. «Live Science» neşiriniň habaryna görä, onuň uzynlygy 39 metrden 42 metre çenli bolupdyr.
Dinozawryň, takmynan, 150 million ýyl mundan ozal ýaşandygy çaklanylýar. Onuň galyndylary XX asyryň ortalarynda tapylypdy. Ýöne alymlar bu galyndylar boýunça ylmy-barlag işlerini geçirip, täzelikde ony anyklap bildiler. Paleontologlar 1972-nji ýylda geçiren gazuw-agtaryş işlerinde 2,4 metr uzynlykdaky dinozawr galyndylaryny tapypdy. Onuň üstünden ençeme ýyl geçenden soňra bu dinozawryň aýratynlyklaryny anyklap bildiler. Olaryň boýunlarynyň 15 metre, guýruklarynyň bolsa 18 metre ýetendigi aýdylýar.
Paleontologlar bu dinozawryň aýratynlyklary we bu ululykdaky haýwanyň ýura döwrüniň ekoulgamlarynda nädip ýaşap bilendigi barada has giňişleýin öwrenmek üçin gözleglerini dowam etdirmegi maksat edinýärler.
Kerim NEPESOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.