16-njy noýabrda Daşary işler ministrliginde hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasyna bolan saparynyň, şeýle-de onuň çäklerinde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitine gatnaşmagynyň jemlerine hem-de 28-nji noýabrda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň sammitine görülýän taýýarlyk bilen bagly meselelere bagyşlanyp brifing geçirildi.

Bri­fin­ge ýur­du­my­zyň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri, şeý­le-de Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän da­şa­ry ýurt­ly žur­na­list­ler gat­naş­dy­lar. Azer­baý­jan­dan, Awst­ri­ýa­dan, Ow­ga­nys­tan­dan, Bel­gi­ýa­dan, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­dan, Hin­dis­tan­dan, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­den, Fran­si­ýa­dan, Ga­za­gys­tan­dan, Gyr­gy­zys­tan­dan, Ma­laý­zi­ýa­dan, Pa­kis­tan­dan, Rus­si­ýa­dan, Ru­my­ni­ýa­dan, Tür­ki­ýe­den, Öz­be­gis­tan­dan we Uk­rai­na­dan bo­lan žur­na­list­ler du­şu­şy­ga san­ly ul­gam ar­ka­ly gat­naş­dy­lar.
Bri­fin­giň do­wa­myn­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň Tür­ki ge­ňe­şiň sam­mi­tin­de eden çy­ky­şyn­dan ge­lip çyk­ýan esa­sy ugur­lar be­ýan edil­di hem-de Türk­me­nis­ta­nyň bu gu­ra­ma syn­çy döw­let hök­mün­de ka­bul edil­me­gi­niň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti nyg­tal­dy. Bu bol­sa yk­dy­sa­dy­ýet, söw­da, ma­ýa go­ýum­lar, eko­lo­gi­ýa, ylym, bi­lim, şo­nuň ýa­ly-da beý­le­ki gel­je­gi uly ugur­lar­da bi­le­lik­de iş­le­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar.
Köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na ag­za döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň 15-nji sam­mi­ti­ne gö­rül­ýän taý­ýar­ly­gyň bar­şy bi­len hem ta­nyş­dy­ryl­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, esa­sy çä­re­le­riň ha­ta­ryn­da Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na ag­za döw­let­le­riň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň ge­ňe­şi­niň mej­li­si, şeý­le-de YHG-a ag­za ýurt­la­ryň işe­wür­lik fo­ru­my ge­çi­ri­ler.
Bri­fin­giň bar­şyn­da köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri öz­le­ri­ni gy­zyk­lan­dyr­ýan so­wal­la­ra jo­gap al­dy­lar.