Bostwanadaky Orapa käninde mineral maddanyň täze görnüşi tapyldy. Aslynda 1967-nji ýylda alymlar şeýle mineralyň bardygyny çak edipdiler. Emma soňra bu barada ýeterlik delil tapylmandy. Göwher daşynyň içinden gysylan ýagdaýda tapylan mineral madda «davemaoit» diýlip at berildi. Bilermenler agzalýan mineralyň planetanyň soňky 1,5 milliard ýyllyk taryhy barada maglumat almaga ýardam etjekdigini bellediler.
Mineral maddanyň tapylan käni Afrikanyň günortasyndaky Botswananyň Orapa etrabynyň çäginde ýerleşýär. Dünýäniň iň köne käni hasaplanýan bu ýerden tapylan mineralyň ululygynyň 4 millimetr, agramynyň 81 milligramdygy habar berildi.
Şunuň bilen baglylykda, içinde mineral bolan göwher 1987-nji ýylda tapylypdyr we Kaliforniýanyň Tehnologiýa institutynda gymmat bahaly daşlary öwrenýän alyma satylypdyr. Emma şol wagt göwheriň alyjysy-da, satyjysy-da daşyň näderejede ähmiýetlidigini bilmändirler.
Häzirki wagtda ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky tebigat taryhy muzeýinde saklanýan göwheri golaýda Newada uniwersitetinde işleýän Oliwer Şauner ylmy taýdan seljeripdir.
«Science» žurnalynda çap edilen makalada Şauner we onuň kärdeşleri ultrmelewşe şöhlelerini ulanmak arkaly göwheriň içine seredenlerinde içinde başga bir mineral maddanyň kiçijik kristallarynyň bardygyna göz ýetiripdirler. Göwheri kesip, mineraly çykarmak üçin bolsa lazerli tehnologiýadan peýdalanypdyrlar.
Altyn Ussaýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.