Katar 2022 Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynyň Ýewropa zolagynda toparçalardaky duşuşyklar tamamlanyp, her toparçanyň lideri – 10 ýygyndy final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanypdy. Ýewropadan jemi 13 ýygyndy Katarda çykyş eder. Galan 3 ýygyndy üçin toparçada 2-nji ýeri eýelänler bilen Milletler Ligasynda şowly çykyş eden 2 ýygyndy, jemi 12 ýygyndy pleý-off tapgyrynda çykyş eder.

Ýagny Dünýä Kubogynyň saýlama toparçalarynda 1-2-nji orny eýelän 20 topardan galan ýygyndylaryň arasynda iň ýokary netije görkezen iki ýygyndy pleý-off tapgyryna gatnaşar.

Pleý-off duşuşyklary ýarym final we final tapgyrlaryndan ybarat bolup, diňe 1 duşuşyk esasynda geçiriler. Portugaliýanyň, Italiýanyň, Şotlandiýanyň, Russiýanyň, Şwesiýanyň hem-de Uelsiň ýygyndylary ýarym finalyň faworitleri bolup, olar 1 oýundan ybarat bolan ýarym finaly öz meýdançalarynda geçirerler. Ady agzalan toparlar pleý-off tapgyrynda Türkiýäniň, Polşanyň, Demirgazyk Makedoniýanyň, Ukrainanyň, şol sanda Çehiýadyr Awstriýanyň ýygyndylary bilen bije çekişerler. Ilki bilen toparlar 4 toparly 3 toparça bölüner. Diňe 1 oýundan ybarat bolan ýarym final we final duşuşyklaryndan soň her toparçanyň ýeňijisi Katar 2022 Dünýä Kubogyna gatnaşmaga hukuk gazanar.

Ýarym final duşuşyklary 2022-nji ýylyň 24-nji martynda oýnalar. Final duşuşyklary-da 29-njy martda geçiriler. Final duşuşyklarynyň haýsy ýurtda oýnaljakdygy bije esasynda belli bolar. Pleý-off tapgyrynyň bijeleri geljek hepdäniň anna güni, 26-njy noýabrda Şweýsariýanyň Sürih şäherinde geçiriler. Birnäçe teleýaýlym arkaly görkeziljek bije çekiliş dabarasy Aşgabat wagty bilen 21:00-da başlar.

 

FAWORITLER

Portugaliýa

Italiýa

Şotlandiýa

Russiýa

Şwesiýa

Uels

 

FAWORIT DÄLLER

Türkiýä

Polşa

Demirgazyk Makedoniýa

Ukraina

Çehiýa

Awstriýa