Bütindünýä çagalar güni her ýylyň 20-nji noýabrynda bellenilýär. 1954-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy ähli ýurtlary bu senäniň bellenilmegini dünýä doganlyk güni we çagalara özara düşünişmek güni hökmünde durmuşa geçirmäge çagyrdy. Bu gün dünýädäki çagalaryň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen çärelere bagyşlanýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 1989-njy ýylyň 20-nji noýabryndaky Rezolýusiýasy bilen kabul edilen Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýa halkara hukuk resminamalarynyň iň esasylarynyň biri bolup durýar. Bu Konwensiýada jemi 54 madda bolup, olarda çagalaryň ýaşamaga, doly derejede ösmäge, zyýanly täsirlerden goralmaga, maşgala, medeni we jemgyýetçilik durmuşyna doly derejede gatnaşmaga bolan esasy hukuklary beýan edilýär. Biziň ýurdumyz hem 1994-nji ýylyň 23-nji fewralynda Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýany kabul etdi. Şondan bäri biziň ýurdumyz ÝUNISEF bilen saglygy goraýyş, bilim, durmuş goraglylygy we howanyň üýtgemegi ýaly ulgamlarda oňyn özgertmeleri üpjün etmek ugrunda ýakyn hyzmatdaşlyk alyp barýar.

Çagalar we ýetginjekler islendik jemgyýetiň iň ejiz agzalarydyr. Kanagatlanarly däl şertler çagalaryň hukuklarynyň iň köp bozulmagydyr. Gowy we howpsuz ýaşaýyş jaýy bolmasa, arassaçylyk şertleri talabalaýyk bolmazdan, çagalaryň ýaşamagy we ösmegi has kyn. BMG-niň Çagalar Gaznasy, çaga dogurmakdan ýetginjeklige çenli çagalaryň saglygynyň ähli ugurlary boýunça köp işleri durmuşa geçirýär. Bu gazna göwreli aýallaryň çaga dogurmazdan ozal we çaga wagtynda ýeterlik lukmançylyk gözegçiligini almagyny üpjün etmek, maşgalalaryň çagalyk kesellerine garşy göreşmek ukybyny güýçlendirmek hem-de jemgyýetde saglygy goraýyşyň iň ýokary derejesini nädip üpjün etmelidigi barada maslahat berýär.

Bütindünýä çagalar güni − çagalaryň abadançylygyny üpjün etmäge, olaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga, BMG tarapyndan dünýädäki çagalaryň bähbidine alnyp barylýan işleri güýçlendirmäge gönükdirilendir. Çagalar gününde dürli ýurtlarda jemgyýetçilik we täjirçilik guramalary mätäç çagalara kömek etmek üçin haýyr-sahawat çärelerini geçirilýär.

Meýlis SADYKOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.